Maryda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG)raýatlaryň hususy awtoulagyna gözegçiligi ýene güýçlendirdi. Häzir gullugyň işgärleri ulaglaryň tehniki gurtlyk şahadatnamasynyň möhletini güýçli depginde barlaýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“PÝGG-niň işgärleri öz barlaglaryny köçelerde geçirip, tehniki guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglary awlaýarlar. Käte olar köne ulagy bar bolan hojalyklara hem reýd geçirýärler” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Guratlyk şahadatnamasynyň möhleti gutaran ýa-da guratlyk barlagyndan asla geçmedik ulaglar polisiýanyň awtoduralgasyna alnyp gidilýär.
Şol bir wagtda, sürüjileriň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, PÝGG-niň işgärleri özlerine 50 manat möçberinde para beren ulag eýelerini goýberýärler.
“Sag-aman bar, ýöne guratlykdan geçgin, diýip goýberýärler” diýip, maryly ulag eýesi aýtdy.
Habarçymyz ýylda bir gezek hökmany amal etmeli guratlyk barlagyndan paranyň öwezine geçip bolýandygyny hem belleýär.
“Awtoulagyň hatardan çykyp, asla ýöremän işigiňde ýatan bolsa-da, 500 manat para berip, döwlet beligiňi aýtsaň, guratlyk barlagyndan geçirilendigi barada şahadatnamany berýärler” diýip, maryly bir sürüji belledi.
Habarçymyz sebitde guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglaryň onlarçasyna duş gelendigini hem belleýär.
Olaryň bir bölegi, juda köne, 1990-njy ýyllarda ýa-da ondan hem ozal öndürilen ulaglardyr. Ýene bir bölegi bolsa, raýatlaryň maddy mümkinçiliginiň pesligi zerarly düýpli abatlaýyş işlerinden geçirilmeýän ulaglardyr.
“Bu ulaglar guratlyk barlagyndaky talaplary ödemeýär. Şol sebäpli barlagdan geçirilmeýär” diýip, habarçymyz belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada Marynyň PÝGG-den kommentariý alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri “köne” awtoulaglara garşy indi alty ýyldan gowrak wagt bäri göreşip gelýärler. Ýöne soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýetler köne awtoulaglary ulanyşdan aýyrmaga gönükdirilen çärelerini ýygjamlaşdyrdylar. Bu çäreler soňky aýlarda has-da güýçlendi.
Geçen aýda Marynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri 1990-njy ýyldan öň öndürilen awtoulaglaryň eýelerinden ulaglaryny sentýabryň aýagyna çenli tehniki guratlyk gözegçiliginden tizden-tiz geçirmegi talap etdiler.
Şonda polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäbini sebitde jenaýatçylyk, şol sanda ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň öňüni almak tagallalary bilen düşündirdiler.
Şu aýyň başynda Lebap welaýatyndaky habarçymy sebitiň polisiýa bölümleriniň 1990-njy ýyldan öň öndürilen köne awtoulaglary ýörite bellige alyp başlandygyny habar berdi.
Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, döwlet belgisi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu çäklendirmeler barada aç-açan düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.