Marynyň öňki häkimi Döwranberdi Annaberdiýew tussaglykdan boşadyldy

Marynyň öňki häkimi Döwranberdi Annaberdiýew tussaglykdan boşadyldy

Marynyň öňki häkim Döwranberdi Annaberdiýew tussaglykdan boşadyldy. Öňki resmi iýun aýynda prezidentiň tankydyndan soň hökümet maslahatyndan çykarylyp kowuldy, yzýany onuň tussag bolandygy we emläginiň konfiskasiýa edilendigi mälim bolupdy.

Öňki häkim Döwranberdi Annaberdiýewiň tussaglykdan öýüne dolandy. Azatlygyň ýerli çeşmelerine görä, birnäçe aýlap azatlykdan mahrum edilen häkim Marynyň deslapky tussaghanasynda saklanypdyr. "Annaberdiýew Mary şäherinde ýerleşýän SIZO-da oturyp çykdy onuň emläginiň ählisi elinden alnyp döwletiň hasabyna geçirildi. Diňe Sakarçägedäki bir jaýy galdy" diýip, ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleriniň käbiri onuň oktýabr aýynda, ýene biri sentýabryň aýagynda halk maslahatyndan soň boşadylandygyny aýdýarlar.

Marynyň öňki häkiminiň tussaglykdan boşadylandygyny birinji bolup, Türkmen.news habar berdi.Garşsyz neşiriň 1-nji noýabrda çap eden maglumatynda Annaberdiýewiň Sakarçäge etrabynyň "On ikinji" kolhozyna sentýabrda gaýdyp barandygy, oktýabrda özüniň “gudratly halas bolmagy” sebäpli sadaka berendigi aýdylýar. "Ol brinäçe wagtlap, umsüm oturdy.

Oktýabr aýynyň ortalarynda çäräni belledi.Baýramçylyk birnäçe günläp dowam etdi.Bu ýagdaý barada häzir hemme ýaşaýjy pikir alyşýar" diýip, Türkmen.news ýazdy.

Mundan öň Türkmen.news awgust aýynda tussag edilen Annaberdiýewiň 25 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar beripdi. Öňki häkimiň tussaglyk möhletine degişli maglumatlary başga çeşmelerden tassyklap bolmady.

Döwlet mediasy 14-nji iýunda Annaberdiýewiň "işde goýberen kemçilikler" sebäpli wezipesinden boşadylandygyny habar beripdi, emma onuň tussag edilmegi we boşadylmagy barada maglumat bermedi.

Ýagdaýdan habarly çeşmeler öňki häkimiň tussaglykdan boşadylmagy üçin uly mukdarda para berlendigini Azatlyga aýtdylar.

Anonimlik şertinde gürlän çeşmeleriň biriniň sözlerine görä, onuň boşadylmagy üçin puluň belli bir bölegini ýerli telekeçiler toplapdyr.

"Uly telekeçiler, wagtynda bize ýer satyp kömek edipdi bizem kömek edeli diýip, ýerli ýerden öňki häkim Annaberdiýewi halas etdiler.Ol öz wagtynda telekeçiler bilen ýakyn gatnaşyk saklap, olara jaý gurmaga, dükan açmaga, ätiýaçlyk şaýlar we awtoulag bejerilýän kärhanala üçin ýer satyn almaga, potrat ýerlere mekge, ýorunja, dary, düme ekip pullanmak üçin gaty bähbitli mümkinçilik döredipdi. Şäheriň içinden we etraplardan ýer satyn alyp jaý guran, önümçilik üçin zawod guran boldy.

Häzirki häkim öňki satylan potrat ýerlerini pagta ýa-da bugdaý ekilmedik meýdanlary traktor bilen sürdürip aýyrtdy we telekeçilere öňki häkim gowudy diýdirdi" diýip, anonimlik şertinde gürlän çeşme aýdýar.

Şol bir wagtda-da, öňki häkimiň basylyp, yzýany boşadylmagyna göz boýagçylyk, körrupsiýanyň ýurtda uly orun tutanlygyna ýene bir subutnama diýýänler hem bar.

"Ýaşyuly adamlaryň içinde Annaberdiýewi ýerli ýaşaýjylaryň haj zyýaratyna böwet bolmakda, köpräk para berenleriň haja nobat ýetenlerden ozal ugradylmagyna täsir etmekde günäleýänler bar.Baýlary haja ugratmaga uly ýardam ederdi, biz gitmeli wagtymyzdan 2-3 ýyl soňa galardyk diýýärler.

Garyp halka hiç kömegi degmändi ençeme potratçynyň ýerini elinden alyp, pul berene geçirdi diýýän daýhanlar hem bar" diýip habarçymyz maryly ýaşaýjylary sitirleýär.

Döwranberdi Annaberdiýew 2017-nji ýylda Marynyň häkimi wezipesine bellendi, ondan ozal maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işledi. Ol wezipesinden boşadylanda Azatlygyň habarçylary öňki resminiň ýolbaşçylyk eden döwründe oba hojalyk pudagynda goýberilen bolmagy mümkin bidüzgünçilikler boýunça giň gerimli derňewleriň geçirilýändigini habar beripdi. Şol derňewleriň netijeleri barada maglumat elýeterli bolmady.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Annaberdiýewi 14-nji iýunda ýylyň alty aýynyň jemleri barada hökümet agzalaryna hasabat berip, galla oragynyň üstünlikli alnyp barylýandygy barada beren hasabatyndan soň boşatdy. Ol häkimiň işde “düýpli kemçilikleri goýberendigini” aýdyp, maslahat zalyndan çykaryp goýberdi.

Adatça bolşy ýaly, problemalary açyk agzamakdan saklanýan ýurt baştuitany resmiisniň goýberen kemçiliklerini anyklaşdyrmady.

Türkmenistanda hökümet resmileriň, şol sanda häkimleriň onlarçasy işden boşadylansoň tussag boldy. Olaryň birnäçesiniň soňky ykbaly nämälim galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň welaýat häkimleri pagta, däne we beýleki gök önümler üçin bölünen ýerleri yglan etdiler
Türkmenistanyň häkimleri oba hojalyk işleri barada ekin meýdanlaryndan göni wideýo şekilli aragatnaşyk boýunça hasabat berdiler
Serdar Berdimuhamedow üç sebitiň ýolbaşçysyna käýinç yglan etdi
Garagumda ekin meýdanlaryny ösüş suwuna tutmak üçin "ýüzlerçe manat para bermeli"
S.Berdimuhamedowa pile öndürilişiniň we “Soňky jaňa” taýýarlygyň tamamlanandygy barada hasabat berildi
Diňle: Marynyň öňki häkimi Döwranberdi Annaberdiýew tussaglykdan boşadyldy