Marynyň oba ilatyna agşam 9-dan soň hiňňildikde uçmak gadagan edilýär

Marynyň oba ilatyna agşam 9-dan soň hiňňildikde uçmak gadagan edilýär

Şu günler Türkmenistanda Gurban baýramy bilen bagly baýramçylyk çäreleri dowam edýärkä, Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri ýaşaýjylara agşam sagat 9-dan soňra hiňňildikde uçmagy gadagan edýärler. Resmiler bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmeýärler. Ýaşaýjylar muny "häkimiýetleriň köp adamly ýygnanyşyklaryň öňüni almak çäresi" diýip häsiýetlendirýärler.

"Marynyň obalarynda hojalyklar baryndan çykaryp, obanyň içinde hiňňildik dikdiler.Bir hojalyk turba, beýleki hojalyk ýüp, başga bir hojalyk zynjyr, ýene biri agaç berdi. Şeýdip, adamlar ata-baba däplerimize eýerip, hiňňildikde uçup, günämizi dökeli diýdiler. Ýöne kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda polisiýanyň işgärleri hökümetden mätäçsiz gurnalan bu hiňňildiklerde arkaýyn uçmaga rugsat bermeýärler" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran oba ýaşaýjysy 11-nji iýulda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlykda bu obalaryň atlary barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Türkmenistanda hiňňildik gurap, onda uçmak Gurban baýramynyň esasy simwollarynyň, alamatlarynyň biri hasaplanýar. Türkmen halky köp ýyllyklaryň dowamynda Gurban baýramynda hiňňildik dikip gelýär. Ýaşlar, ýaşulular we çagalar üç günläp şol hiňňildiklerde uçýarlar. Ilat arasynda "Gurban baýramynda hiňňildikde uçan adamlaryň tutuş ýylyň dowamynda eden günäleri dökülýär" diýen ynanç hem bar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hiňňildikleriň daşynda yzygiderli gözegçilik edýärler. Agşam sagat 9-da bolsa, olar hiňňildikde uçmana gelen oba ýaşaýjylarynyň ählisini dargadýarlar.

"Gündizlerine we öýlän ara howanyň aşa yssydygy, şeýle-de hiňňildik kölegede bolmandygy sebäpli, adamlar ýaňy gün ýaşyp, salkyn düşüp başlanda hiňňildikde uçmana barýarlar. Ilat täze baýramçylyk eşiklerini geýen çagalaryna Gurban baýramynyň türkmen däplerini öwredip, adamlaryň şatlanyşyny görkezmäge çalyşýar. Ýöne olaryň bu synanyşygy köplenç başa barmaýar. Polisiýa üýşen adamlary sen, men diýmän dargadýar" diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Bellesek, howa maglumatlaryny çap edýän "Accuweather" websaýtynyň maglumatlaryna görä,, şu günler Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 we gijelerine 25 gradusa golaýlaýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, oba ýaşaýjylarynyň köpüsi polisiýanyň gadagançylygyna nägilelik bildirip, olara garşylyk görkezmäge synanyşýar. Polisiýa işgärleri bu ýaşaýjylara "9-dan soň hiňňildikde uçmak gadagan" diýip, olara polisiýa bölümine äkitmek we pul jerimesini ýazmak bilen haýbat atýarlar.

Polisiýa işgärleri gadagançylygyň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Bu gadagançylyk baradaky resmi karary ýa-da görkezmäni hem görkezmeýärler.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň bu çäresini "adamlaryň bir ýerde köpçülik bolup köp wagt üýşmeginiň öňüni almak tagallalary" diýip häsiýetlendirýärler.

"Häkimiýetler adatça bolşy ýaly adamlaryň bir ýere üýşüp, özlerine garşy nägilelik ýörişleriniň geçirilmeginden gorkýarlar" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Marynyň polisiýasyndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 11-nji iýulda ikindine çenli eden synanyşyklary başa barmady.

Türkmen häkimiýetleri uly baýramçylyklaryň ýa-da ýurtda geçirilýän uly çäreleriň dowamynda ilata gözegçiligi güýçlendirýärler. Welaýatlarda we paýtagt Aşgabatda raýatlaryň gijeki hereketi çäklendirilýär. Agşam sagat 9-dan soň dört-bäş adam bolup, köçede üýşüp duran raýatlar polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary ençeme gezek habar berdiler.

Marydaky habarçymyz ilatyň hiňňildikde uçmagynyň çäklendirilmegi bilen bagly wakalaryň geçen ýyllarda hem bolandygyny, käbir ýyllarda olaryň ýüpleriniň-de kesilendigini habar berdi.

"Mundan birnäçe ýyl ozal polisiýa işgärleri hiňňildikleriň ýüplerini kesip, olaryň turbalaryny, her metrine baha kesip, satypdylar. Onuň trosyny, agajyny hem satypdylar Şonda-da polisiýa bu çäreleriniň sebäplerini adamlaryň köpçülik bolup bir ýere üýşmeli däldigi bilen düşündiripdi" diýip, oba ýaşaýjysy belledi.

Türkmen häkimiýetleri bu çäreler barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Döwlet metbugatynyň reportažlarynda hiňňillikleriň türkmen toýlarynyň esasy bezegidigi nygtalyp, onda "uçýan ýaşlaryň şatlykly sesleriniň baýramçylyga aýratyn dabara goşýandygy" aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabady we onuň töwereklerini tozanly tupan örtdi
Şu hepdede Türkmenistanda boljak howa: üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly
Türkmenistanyň raýatlary öz mümkinçilikleri bilen Ukraýinany terk etmäge çalyşýarlar, resmi KHS-ler Ukraýina barada dymmagyny dowam edýär
Gökdepe şäherinde tupan zerarly bir adam heläk boldy
Anna we şenbe günleri Türkmenistanda güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar
Türkmen telewideniýesinde tehniki-abatlaýyş işleri geçiriler
Türkmen telewideniýesinde tehniki-abatlaýyş işleri geçiriler