Marynyň käbir döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlary kemeldilýär

Marynyň käbir döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlary kemeldilýär

Onuň maglumatlaryna görä, iş orunlary kemeldilýän döwlet edaralarynyň arasynda ýurduň energiýa pudagyna degişli kärhanalar hem bar.Galyberse-de, regionda ýerleşýän sport mekdeplerinde-de işgärler dürli sebäpler bilen köpçülikleýin işden boşadylýar. “Welaýatyň ähli sport mekdeplerinde, gaz edaralarda, tok edarada iş orunlary kemeldilýär, işgärler işden boşadylýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Häkimiýeler dürli sebäplere salgylanyp, raýatlaryň iş orunlaryny gysgaldýar.Sport mekdeplerinde tälimçileriň ussatlyk derejesini görkezýän resminamalarynyň ýokdugy olaryň işden boşadylmagyna sebäp bolup bilýär: “Sport mekdeplerinde tälimçiler “KMS” (“Кандидат в мастера спорта”, ýagny tälimçiniň ussatlyk derejesini görkezýän red.) dokumentleriniň ýokdugy sebäpli işden boşadyldy.

Gaz edaralarynda kebşirleýjilerden synag alyndy, kanagatly kebşirlemedik işçiler işden boşadyldy” diýip, habarçy aýtdy.Onuň maglumatlaryna görä, tälimçilerden degişli resminamany düzetmek üçin müňlerçe manat möçberinde para talap edilýär. “Sport mekdebinde işde galmak üçin başlygyň orunbasaryna 8000 manat para bermeli” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Marynyň Sport mekdebinden kommentariýa alyp bilmedi.Marynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçilik edarasynda-da işgärler işden boşadylýar. “Tok edarada ozal dokumentsiz, paranyň üsti bilen işe giren adamlar işden boşadyldy” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda işden boşadylan işgärleriň jemi sanyny anyklamak başartmady.Habarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň sport mekdebinde iş orunlaryny saklap galmak isleýän tälimçileriň işde galmak üçin para bermäge ýagdaýy ýok bolsa, olar işden boşadylyp, deregine on müňlerçe manat para bilen täze işgär alynýar.

Marynyň döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlarynyň kemeldilmegi baradaky bu habar, Lebabyň obasenaghat toplumyna degişli edaralarda iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmeginiň yzýanyna gabat gelýär. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň 14-nji ýanwarda habar bermegine görä, golaýda Lebap welaýatynyň daýhan birleşiklerinde tehnikalara hyzmat ediş ussahanalary ýapyldy.

Her birleşikde azyndan 10 töweregi ussa, kebşirleýji we garawul işsiz galdy, oba tehnikalaryny abatlamak işleri etrap merkezlerindäki “Obahyzmat” kärhanalarynyň jogapkärçiligine geçirildi. Şeýle-de, maglumata görä, Lebapda ençeme çagalar baglary ýapylyp, 0,5 we 0,25 “stawkada” işleýän terbiýeçiler işlerinden boşadyldy.

Mary we Lebapdaky köpçülikleýin iş orunlarynyň kemeldilmegi ýurtda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda bolup geçýär.Türkmenistanyň hökümeti, synçylaryň aýtmagyna görä, ýurtda giň ýaýran işsizlik barada ynamdar sanlary äşgär etmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosyna anonim şertlerde maglumat beren hökümete ýakyn ynamdar çeşme 2017-nji ýylyň martynda ýurtda işsizligiň derejesiniň 60 prosent töweregindedigini habar berdi.

Ondan bäri geçen döwrüň dowamynda ençeme iş ýerleri ýapyldy, ençeme ministrlik, pudak edaralary birikdirildi, dürli edara-kärhanalarda iş orunlary gysgaldyldy.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Ýene degişli makalalar

Maryda gowaça meýdanlarynyň sürüm işlerine bölünip berilýän dizel ýangyjy 'eden-etdilikli paýlanýar'
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär
Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy