Marynyň häkimiýetleri ýagyşda ezilen çäreçileri bir sagatlap öýlerine goýbermediler

Marynyň häkimiýetleri ýagyşda ezilen çäreçileri bir sagatlap öýlerine goýbermediler

Marynyň merkezi şäherinde býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylmagynda ýene köpçülikleýin çäre geçirildi. Häkimligiň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we polisiýa işgärleri duýdansyz başlan ýagyn zerarly stadiondan gitmek islän çärä gatnaşyjylary öýlerine goýbermediler. Bu ýagdaýlar barada býujet işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“12-nji oktýabrda irden Baýramaly we Türkmengala etraplarynyň mekdepleriniň ýolbaşçylary mugallymlara her mekdepden 10 sany mugallymyň sport eginbaşynda we eli kiçi ýaşyl baýdakly täze Merw’ stadionynda geçirilýän çärä gatnaşmalydygyny aýtdylar. Onlarça mugallym Mara iberildi” diýip, türkmengalaly mugallym anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Mugallymlar çärä iberilmezden öň, mekdep müdirleri tarapyndan olara sport eginbaşlary we ýaşyl baýdaklar paýlandy. Býujet işgärlerinen sport eginbaşy üçin 180 manat, baýdak üçin 20 manat alyndy.

“200 manady nagt töläp bilmedik mugallymlara bu serişdäniň aýlyklaryndan tutuljakdygy aýdyldy. Mugallymlara Mara gidip-gelmek üçin ulagy hem öz hasaplaryna tutmalydygy aýdyldy. Biz 12 adamlyk mikroawtobus tapyp, 200 manada bizi çäre äkidip, soňra bizi alyp gaýtmagy gürleşdik. 10 sany mugallym bolup, her birimiz ýene 20 manatdan goşup, mikroawtobusyň puluny töledik” diýip, baýramalyly mugallym gürrüň berdi.

Günortan sagat 1 töwereginde stadiona baran býujet işgärleri oturgyçlara oturdyldy. Bu ýerde welaýatyň ähli etraplaryndan gelen dürli ýaşdaky býujet işgärleriniň, ýokary we orta hünär mekdepleriň talyplarynyň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi bardy. Olardan, ýolbaşçylaryň buýrugyna görä, “otur” diýlende oturmak, “tur” diýlende turmak, şowhunly el çarpmak we baýdaklary galgatmak talap edildi.

“Hiç kim näme çäre geçirilýändigini bilmedi. Ýolbaşçylar çäräniň başyndan ahyryna çenli onuň nämä bagyşlanandygy barada gatnaşyjylara hiç hili maglumat bermediler” diýip, türkmengalaly mugallym belledi.

Aradan bir salym geçip-geçmänkä, şemal turup, howa sowap başlady. Sagat 3:40 töwereginde ýagyş ýagyp başlady we stadionda oturan adamlaryň tas ählisi ezilip, öl-myžžyk boldy. Günortan howa sowuk bolmansoň, diňe ýuka sport eşiginde gelen çäreçiler üşäp, ýerlerinden turup, stadiony terk etmäge çalyşdylar.

Ýöne häkimligiň wekilleri we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary muňa rugsat bermediler. Stadionyň gapylarynda duran polisiýa işgärleri çäre gutarýança ýerlerinde oturmalydyklaryny aýdyp, gatnaşyjylary öýlerine goýbermediler.

“Bu ýagdaý, hususan-da, böwrek keseli bolan adamlary juda heläk etdi. Olar polisiýa işgärlerine gaty gyssanýandyklaryny, kiçi meýdanyny mundan artykmaç saklap bilmeýändiklerini düşündirmäge çalyşdylar we olardan hajathana girip gelmäge rugsat bermegi haýyş etdiler. Ýöne olaryň haýyşy hem kanagatlandyrylmady” diýip, baýramalyly mugallym gürrüň berdi.

Çärä gatnaşanlar bir sagada golaý ýagşyň aşagynda oturansoň, ýolbaşçylar olara “tamamlaýjy gezek gaty gygyryp, el çarpyň we baýdagyňyzy galgadyň”, soňra sizi goýberjek diýdiler.

“Şondan soňra gatnaşyjylar öýlerine goýberildi” diýip, mugallym aýtdy.

Azatlygyň bu çäre, onuň nämä bagyşlanandygy we gatnaşyjylaryň ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýlary barada Mary şäher häkimliginden, Baýramaly we Türkmengala etrap bilim bölümlerinden kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda açylyş we baýramçylyk çärelerine, döwlet telewideniýesi üçin taýýarlanýan reportažlara býujet işgärlerini, talyplary, okuwçylary, ýaşululary we çagalary gatnaşdyrmak tejribesi ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar çärä gatnaşýanlaryň arasynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, käte olaryň keselhana ýerleşdirilmegi bilen bagly wakalaryň bolýandygyny onlarça gezek gürrüň berdiler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň media serişdeleri bu ýagdaýlar barada asla habar bermeýär.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Accuweather" neşiriniň habaryna görä, 13-nji oktýabrda Maryda howanyň temperaturasy 15 gradusa deň.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Türkmenistan awiakompaniýasy Kazan — Türkmenabat aralygyna uçuş gatnawlarynyň tertibini üýtgetdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuş tertibini üýtgetdi
Mekdep okuwçylary sapaklardan soň pagta ýygmaly bolýar
Awazada dynç alan müňlerçe adam öz welaýatlaryna dolanyp bilmeýär
Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler
Ýelizawetanyň platina ýubileýine bagyşlanan dabaralar