Marynyň häkimiýetleri hökümetiň maýyplara beren jaýlarynda barlag geçirýär

Marynyň häkimiýetleri hökümetiň maýyplara beren jaýlarynda barlag geçirýär

Marynyň häkimiýetleri döwlet tarapyndan mümkinçiligi çäkli bolan adamlara berlen köpgatly jaýlarda barlag geçirýär. Bu jaýlarda ýaşaman, olary kireýine berýän maýyplaryň jaýlary ellerinden alynýar. Bu barada mümkinçiligi çäkli adamlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Soňky hepdelerde häkimlikden gelýän barlagçylar duýdansyz öýlere aýlanyp, olarda jaý berlen maýybyň ýaşaýandygyny ýa-da ýaşamaýandygyny barlaýarlar. Jaýda kireýine adam ýaşaýan bolsa, onda jaý berlen maýyp häkimlige çagyrylýar we jaýy dessine elinden alynýar” diýip, ýagdaýlardan habarly mümkinçiligi çäkli adamlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Mary şäher häkimliginiň bir işgäriniň aýtmagyna görä, barlaglaryň geçirilmegine maýyplygy bolan adamlaryň käbirleriniň bu jaýlarda ýaşamaýandygy barada şikaýatlaryň gelip gowuşmagy sebäp bolupdyr.

“Şikaýatlaryň ençemesinde jaý berlen maýyplaryň jaýlarda ýaşaman, olary kireýine goýýandygy we goşmaça gazanç edýändigi aýdylýar” diýip, häkimligiň işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen birnäçe köpgatly jaý guruldy. Olardan biri 2022-nji ýylyň sentýabrynda Marynyň Sakarçäge etrabynda açylyp ulanylmaga berildi.

Şonda resmi media 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyşyny ýurtda maýyplara we goldawa mätäç raýatlara berilýän ýardamyň nusgasy hökmünde suratlandyrdy.

Ýöne ýerli häkimiýetleriň sebitden jaý alan mümkinçiligi çäkli adamlara garşy alyp barýan häzirki çäreleri maýyplygy bolan adamlaryň köpüsiniň arasynda nägilelik döredýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maýyplaryň ençemesi özleriniň jaýlary kireýine goýmagyna hökümetiň mümkinçiligi çäkli adamlar babatynda alyp barýan "garyp" syýasatynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Birinjiden, bize berilýän döwlet kömek puly köp maýybyň gündelik iýip-içgisi beýlede dursun, hatda diňe dermanlarymyza hem ýetmeýär. Sebäbi köp lukman bize mugt bolan dermanlary, bejergileri hem ýazyp bermekden ýüz öwürýär” diýip, maryly maýyplaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, şu sebäpli köp maýyp jaýyny kireýine goýup, ondan gelýän girdejiniň bir bölegine derman satyn alyp, saglyk bejergisini töleýär.

“Maýyplar bu girdejiniň ýene bir bölegini hem, öýlerinde galýan dogan-garyndaşlaryna berýärler. Sebäbi olar jaýda ýaşasalar, ýöne saglyk bejergilerini kadaly almasalar, onda özleriniň ýagdaýynyň ýaramazlaşjakdygyny bilýärler” diýip, maryly maýyplaryň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, jaýlary ellerinden alnan maýyplaryň birnäçesi häzir prezidente hat ýazyp, jaýlaryny yzyna almaga synanyşýar.

“Ýöne häzire çenli prezidente hat ýazyp, işi biten adam tas ýok” diýip, ol sözüni jemledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Mary welaýat häkimligi bilen habarlaşyp, telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne häkimligiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda maýyplygy bolan adamlar babatynda "aýratyn alada edilýändigini" tekrarlaýar.

Olar muny maýyplar üçin ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygy, olar üçin maýyp arabalarynyň mugt paýlanýandygy ýaly çäreler bilen delillendirýärler.

Ýöne habarçylarymyz we türkmenistanlylaryň ençemesi bu ýeňilliklerden maýyplygy bolan adamlaryň ujypsyz böleginiň peýdalanyp bilýändigini we hatda maýyplygy tassyklatmak işinde-de parahorlugyň "giň ýaýrandygyny" ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Aşgabatda mümkinçiligi çäkli adamlar maýyplar guramasynyň işinden nägile bolýar
Marynyň polisiýasy köpçülikde gedaýçylyk edýän adamlary nyşana alýar
Oraza bilen bagly Aşgabadyň dükanlarynda mätäçlere mugtyna harytlar paýlanýar,emma,isleýänleriň diňe az sanlysyna ýetýär
ÝUNISEF-iň täze ýerini ýetiriji direktory bellenildi
Aşgabadyň ýaşaýjylary çörek almak üçin ir sagat 3-de nobata durýarlar
Aşgabadyň maýyp ýaşaýjylary ýetip gelýän baýramlarda 2 dollarlyk sowgatlar beriljekdigi baradaky myş-myşlar sebäpli, güwänamalar ýygnaýarlar