Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar

Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar

Mary welaýatynyň merkezi şäherinde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu işlere edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury gatnaşdyrylyp, olar näresmi pul goşandygyny goşmaga hem borçly edilýärler.

Häkimiýetler bu çäreleriň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne maryly býujet işgärleriniň ençemesi bularyň Berdimuhamedowlaryň biriniň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Ähli ýerde ýowar geçirilýär. Şeýle-de, şäheriň protokol köçeleriniň ählisinde boýag işleri geçirilýär. Binalaryň diwarlary, köçeleriň ýol belgileri, çyzyklary reňklenýär” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Protokol köçelerinde ýerleşýän edara-kärhanalaryň boýaglaryny täzelemek üçin bolsa, işgärlerden pul ýygnalýar. Puluň möçberi işgärleriň sanyna görä üýtgäp, 30-40 manat aralygynda bolýar.

Şäheriň uly ýollarynda, şeýle-de köpçülikleýin çäreleriň geçiriljekdigi aýdylýan ýerlerde hem ýowar geçirilýär.

“Bu ýerlerdäki ýowarlara hem, býujet işgärleri gatnaşdyrylýar. Her edaradan günde 15 adam ugradylýar. Ýowara gatnaşasy gelmeýän işgärler öz deregine hakyna adam tutup, olara gündelik 30 manat bermeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan başga-da, býujet işgärleriniň arasyndan welaýatyň çäginde geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak işgärler saýlanyp alynýar. Saýlap-seçmek çäresi häkimligiň işgärleri tarapyndan amal edilýär.

“Bu işgärleriň boýlaryna, sypatyna, syratyna, ýaşyna seredip, häkimlik işgärleri tarapyndan “görmegeý, owadan” hasaplanýanlar saýlanyp alynýar.Saýlanyp alnan işgärleriň geýmeli egin-eşikleri hem aýdyldy.Gelin-gyzlar türkmen milli nagyşly köýnekde, saçlary gara, sary öýmeli bolmaly.

Erkek adamlar gara jalbarly, ak köýnekli, gara galstukly we tahýaly bolmaly edildi.Bular üçin hem işgärleriň her birinden 20 manatdan pul ýygnalýar” diýip, býujet işgäri belledi.

Bu çäreleriň sebäpleri barada ýerli resmiler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär. Ýöne maryly býujet işgärleriniň ençemesi edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna salgylanyp, bularyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Edara ýolbaşçylary saparyň haçan amala aşjakdygy barada hiç zat aýtmaýarlar” diýip, býujet işgäri belledi.

Häkimiýetler we resmi metbugat ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary barada öňünden habar bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Bulardan başga-da, şäheriň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri welaýatda giňden ýaýraýan ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleri ýok etmek ugrunda hem işjeň iş alyp barýarlar.

“Işgärler mör-möjekleri azaltmak üçin köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky diwarlaryna, şäher içindäki baglara derman sepýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Şäheriň Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, Berdimuhamedowlaryň sapary döwründe welaýatda bu mör-möjekleriň düýbünden bolmaly däldigi ýa-da görünmeli däldigi barada gulluga görkezme berildi.

“Ýöne dermanlaryň peýdasy ýok. Sebäbi mör-möjekler azalmaýar” diýip, müdirligiň işgäri belledi.

Maryda bir aýa golaý wagt bäri ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar. Habarçylarymyz köp gatly we hojalyk jaýlarynyň köpüsiniň diwarlarynyň we içiniň bulardan doludygyny aýdýarlar. Mör-möjekler adamlary çakmasa-da, olar uklap ýatan adamlaryň, şol sanda çagalaryň gulagyna girip, biynjalyk edýär.

Habarçylarymyz mör-möjeklere garşy ýerli häkimiýetler tarapyndan ýeterlik çäre görülmeýändigini, ýaşaýjylaryň ot, gaz ýakyp, ýa-da gijelerine tok ýakman, bulara garşy özbaşdak göreşmäge synanyşýandygyny aýdyp gelýärler.

Häzirki wagtda edara-kärhanalary dermanlamak işleri hem, býujet işgärleriniň gerdenine ýüklenýär. Habarçymyz bu işler üçin, edaranyň ululygyna görä, 1000-2000 manat çykdajy edilýändigini we bu çykdajylar üçin-de, býujet işgärlerinden pul ýygnalýandygyny aýdýar.

“Umuman aýdylanda, işgärler şu aý zähmet haklarynyň ýarysyny edara-kärhanalarda taşlap gaýtmaly boljaklar. Sebäbi çykdajy gaty kän we başlyklar pagta ýygymynyň hem golaýlaýandygyny, munuň üçin-de pul ýygnaljakdygyny ýatladýarlar” diýip, maryly býujet işgäri sözüni jemledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanda ençeme türkmen migranty saklandy
Dürli ugurlar boýunça türkmen-grek hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy
Türkmenistanyň prezidenti BAE-niň delegasiýasyny kabul etdi
Türkmenistanda Özbegistan bilen serhetleri anyklamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy