Marynyň etraplarynda tok, gaz kesildi, şemal öwüsdi

Marynyň etraplarynda tok, gaz kesildi, şemal öwüsdi

Mary welaýatynyň Ýolöten we Türkmengala etraplarynda 6-njy fewralda irden sagat 10:00 töwereklerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi, yz ýany şemal öwüsdi. Şeýle-de, sebitde günüň dowamynda tebigy gaz üpjünçiligi kesildi.

“Sähel ýagyş ýagyp, şemal öwsende elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şemally howa elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilmeginiň yz ýany başlady, ýöne ne şemal barada, ne-de elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi barada ýerli ýaşaýjylara öňünden duýduryş berildi.

Bu aralykda, günüň dowamynda günorta-gündogar sebitlerde ýerleşýän obalarda tebigy gaz üpjünçiligi hem kesildi.

“Gaz geçirijilerde deşik emele gelipdir, şony bejerýärler. Infrastruktura desgalaryny ymykly bejerseler bolmaýarmy, sähel şemal öwsende üpjünçilik kesiljek bolsa, niçik bolar?!” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda, hususan-da, sebitlerde, oba ýerlerinde könelişen, lagar düşen’ infrastruktura desgalaryndan peýdalanylýar. Olaryň köpüsi Sowet ýyllarynda ulanylmaga berlen durmuş desgalary bolup, obalaryň ýaşaýjylary adatdan daşary howa şertlerinde hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginde döreýän bökdençlikden ejir çekýärler.

Ýöne 6-njy fewralda öwsen şemal güýçli bolmady, muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir hojalygyň esasy gapysynyň şemala açylyp, petlesiniň döwlendigini habar berýär. Şeýle-de, beýleki bir hojalygyň üçeginde oturdylan emeli hemra antenasy şemalyň zarbyna ýere gaçypdyr.

“Üçeklerdäki ýapyrgyçlar, şiferler ýere gaçar öýdüp gorkduk, ýöne olara zeper ýetmedi” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Aýratyn-da, tebigy gaz üpjünçiliginiň öňünden duýduryş berilmezden kesilmegi ýerli ýaşaýjylary ynjalykdan gaçyrýar. Olar bu ýagdaýyň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

“Iki-üç ýyl mundan ozal, tebigy gaz üpjünçiligi duýduryş berilmezden kesilip, gaz üpjünçiligi gaýtadan dikeldilende, bir hojalygyň gazy açyk galypdyr. Bir gelin çaý demlemekçi bolup, kükürt çakanda aşhanada ýangyn döräpdi. Gelin we onuň iki sany kiçi ýaşly çagasy şonda keselhanada bejergi aldylar” diýip, maryly ýaşaýjy öz ýaşaýan obalarynda bolup geçen bir wakany ýatlaýar.

“Muňa garamazdan, henize çenli öňünden duýduryş bermezden, tebigy gaz üpjünçiligini kesip bilýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Oba ýaşaýjylary gazyň kesilendigini köplenç soňundan bilip galýarlar. Bu ýagdaý ilat arasynda elmydama hüşgärlik ýagdaýyny talap edýär.

Elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň üpjünçiliginiň duýdansyz kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegine oňaýsyz täsir edýär.

Türkmengala etrabynyň hassahanasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli saglyk işgäri hojalyklarda ýangyn döremeginiň netijesinde hasaba alynýan ten şikeslenmeleriniň seýrek däldigini aýdýar.

“Ýylyň dowamynda hojalyklarda ýangyn döremegi netijesinde hasaba alynýan ten şikeslenmeleri bir ýa-da iki däl” diýip, saglyk işgäri aýdýar.

“Ençeme adam ýangynyň sebäp bolan ten şikeslenmeleri bilen hassahanalara ýüz tutýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Energetika serişdelerine baý Türkmenistanyň dürli sebitlerinde heniz hem ojar odunlarynyň hyrydarlary azalmaýar.

“Adamlar odun ýakyp nahar bişirýär, taňkada çaý gaýnadýar” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Gorkut ata” kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň sanawy
Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar
Ýangyjy nädip tygşytlamaly?
Asmandaky pamyklar
Tolkun nädip emele gelýär?
Garagumyň gözellik dünýäsine syýahat