Marydaky Röwşen Gelejek bilim merkezi çagalary we ululary okuwlara kabul edýär

Marydaky Röwşen Gelejek bilim merkezi çagalary we ululary okuwlara kabul edýär

Mary şäherindäki Röwşen Gelejek bilim merkezi täze okuw möwsümine okuwçylaryň kabul ediljekdigini habar berdi. Merkez ulular üçin, şeýle hem 8 ýaşdan çagalar üçin niýetlenen giň gerimli bilim maksatnamalaryny hödürleýär.

Okuwlara ýazylyşyk häzirden açykdyr we sapaklar 2-nji dekabrda başlar. Bilim merkezi 50-den gowrak kompýuter we 10 interaktiw tagtany öz içine alýan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Röwşen Gelejek näme hödürleýär:

Robototehnika boýunça okuw maksatnamasynyň üç derejäni öz içine alýandygyny bellemek gerek. Okuwçylar C dilinde programmirlemegiň esaslaryny öwrenerler, algoritmik pikirlenişini ösdürerler we amaly meseleleri çözmek üçin awtonom robotlaryň 3D modellerini döretmegi öwrenerler. Bu okuw elektronikanyň we mehanikanyň esaslaryny öwrenmegi hem öz içine alýar.

Röwşen Gelejek Mary welaýatynda ýokary hilli döwrebap bilimiň elýeterliligini üpjün edip, dürli ýaşdaky okuwçylar üçin amatly bilim gurşawyny döredýär. Sapaklary täze bilimleri aňsat we gyzykly öwrenmäge kömek etjek tejribeli hünärmenler geçýärler.

Täze bilim we başarnyk gazanmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

Okuwlara şu günden ýazylyň!

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

Coddy programmirleme mekdebinde Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika atly temadan Açyk gapylar güni geçirilýär
Ýapon obalaryny aýylardan robot-möjekler goraýar
Ýaponiýada boýy 4,5 metr robot bilen tanyşdyryldy
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar
Robot bäsleşigi geçiriler