Maryda we Lebapda ýene tozan turdy

Maryda we Lebapda ýene tozan turdy

20-nji noýabrda Mary welaýatynda ýene-de güýçli tozan turdy. Lebap welaýatynyň dürli sebitlerinde soňky wagtlarda dowamly çägeli ýel öwüsýär.

Yzygiderli dowam edýän tozanly howa sebit ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyny bökdeýär.

“Maryda ýene-de tozanly şemal öwüsýär. Tot-tozan geçen hepde üç gün dowam etdi. Penjireleri açsaň, öýüň içine tozan girýär” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem soňky üç günden gowrak wagt bäri tozanly howa dowam edýär.

Lukmanlar bu sebitlerde soňky wagtlarda demgysma keseli bilen saglyk merkezlerine ýüz tutýan adamlaryň köpelýändigini aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar Mary-Lebap awtomagistralynyň ep-esli böleginiň çäge bilen örtülendigini, käbir ýerlerde çägeden ýaňa asfalt ýoluň ýitip gidýändigini aýdýarlar.

“Asmandan çäge ýagýar diýsem ýalňyşmaryn. Daşaryk çykyp gözüňi açyp bolmaýar. Garagum çölüniň çägesi ilatly nokatlara tarap süýşýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Maryda açyk asmanyň astyndaky bazarlaryň söwda tekjelerindäki azyk harytlaryny we geýim-gejimleri çaň basýar.

Lebap welaýatyndaky habarçymyz sebitde howanyň temperaturasynyň gündizlerine 29-30 gradusa çykýandygyny, howanyň çyglygynyň derejesiniň bolsa juda peselendigini habar berýär. Şeýle-de, on günden gowrak wagt bäri gündogar sebitde howa şemally bolýar.

“Noýabr aýynda howanyň bular ýaly yssy bolşuna we tozanly howanyň bular ýaly uzak wagtlap dowam etmegine ozal asla şaýat bolup görmedik” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Daýhanlar gurakçylygyň we adaty bolmadyk howanyň oba hojalyk işlerine zyýan ýetirmeginden gorkýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary sebitinde çägeli harasat turanda agyz-burun örtüklerini geýýän adamlaryň köpelýändigini, ene-atalaryň öz çagalaryny mekdebe ugradanlarynda ýanlary bilen agyz-burun örtüklerini berip goýberýändiklerini habar berdi.

Lebaply ýaşaýjylar irden howanyň tozanly bolýandygyny, öýlän tozanyň ýazylýandygyny, ýöne gije ýene-de tozanly şemalyň öwüsýändigini aýdýarlar.

Sebitde dowam edýän tozanly howada demgysma, ýürek keseli ýa-da ýokary gan basyşy bolan adamlar has köp ejir çekýär.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri, şol sanda elektron neşirleri ýurduň günorta we günorta-gündogar sebitlerinde turýan çägeli harasatlar barada habar bermeýärler.

Howa maglumatlaryny çap edýän Meteojurnal.ru neşirine görä, oktýabr aýynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde bäş sany tozanly harasat hasabat alyndy.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda, Türkmenistan we sebit ýurtlary soňky wagtlarda barha köp adatdan daşary howa hadysalaryndan, gurakçylykdan we çägeli harasatlardan ejir çekýär.

Eýran mediasy awgustyň aýagynda bolup geçen çägeli harasatyň netijesinde ýurduň territoriýasynyň tas 60 göterimden gowragynyň tozan astynda galandygyny habar berdi. Şonda şemal arkaly süýşen çägäniň Türkmenistanyň çägeli sebitlerinden uç alandygy çaklandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çölleşmä garşy edarasy 13-17-nji noýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiren duşuşygynda dünýäde tozanly tupanlaryň we çägeli harasatlaryň soňky ýyllarda ýygjamlaşandygy we ýitileşendigini aýtdy. Bu ýagdaý serhetüsti täsirlere ýol açýar, daşky gurşawa, klimata, oba hojalygy pudagyna zyýan ýetirýär, saglyk ýagdaýy pes adamlaryň durmuşyna wehim salýar.

Çölleşmä garşy hünärmenler mes ýerleriň degradasiýasynyň klimat krizisine, klimat krizisiniň mes ýerleriň degradasiýasyna ýol açýandygyny aýdýarlar. Ýerleriň ýaramazlaşmagy bilen bir hatarda tokaýlaryň azalmagy, galyberse-de ekerançylyk suwlaryndan tygşytsyz peýdalanylmagy, gurakçylyk ýaly şertler çölleşmä goşant goşýar.

Umumy tutýan meýdanynyň 70 göterimden gowragy Garagum çölünden ybarat bolan Türkmenistanyň hökümeti çölleşmä garşy hereketleriň milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini aýdýar.

Ýurduň çäginde çöl şertlerinde we gurakçylygyň arasynda bolup geçýän çägeli harasatlar şäherleriň we oba ýerleriniň ilatynyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’
78 göterim yzgaryny ýitirdi
Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen Bir bitewi suw sammitine gatnaşdy