Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde 4-nji dekabrda günüň birinji ýarymynda gaz üpjünçiligi duýdansyz kesildi, ýyladyş ulgamlarynyň işi togtadyldy. Şol bir wagtda, paýtagt Aşgabatda hem ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýar.
“Tebigy gaz üpjünçiliginiň günuzyn kesiljekdigi barada Mary şäheriniň ýaşaýjylaryna öňünden duýduryş berilmedi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanýar.
Üpjünçiligiň bökdelmegi şäheriň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi. Ýylylyk ulgamlary işlemegi bes etdi, çaý we nahar taýýarlamak kynlaşdy, restoranlarda we kafelerde işler togtady.
Ýerli häkimiýetler bu ýagdaýyň sebäpleri barada resmi düşündiriş ýa-da beýanat bermeýär.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, 4-nji dekabrda iş gününiň tamamlanmagyndan soň, 19:00 töwereklerinde üpjünçiligiň gaýtadan dikeldilmegine garaşylýandygyny habar berýär.
“Işgärler täze salnan jaýlara gaz turbalarynyň çekilýändigini, agşam sagat 7-de gazyň gaýtadan berlip başlanjakdygyny aýdýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen, şäher we oba ýerlerinde ýylylyk üpjünçiliginiň ähmiýeti artýar.
Şäher ýerlerinde iri ýyladyş gazanlary bilen bagly meseleleriň ýyllarboýy gaýtalanmagy sebäpli, ýerli ýaşaýjylar günorta-gündogar sebitde hatda köp gatly jaýlarda hem gaz bilen işleýän peçleriň gurnalyp başlanandygyny aýdýarlar.
Ýylylyk üpjünçiliginiň zerurlygy artýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmezligi bilen bagly hadysalaryň hem hasaba alynýandygyny habar berýär.
“Köp gatly beton jaýlary ýylatmak kyn, şonuň üçin adamlar öýlerinden uzakly gün çykyp gidenlerinde hem gaz peçlerini çalajadan ýakyp gidýärler” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Tebigy gazyň duýdansyz kesilmegi gaz peçlerini ýakyp, haýsydyr bir iş bilen öýden aýrylan ýaşaýjylarda has hem gorky we howsala döretdi.
Ýerli ýaşaýjylar, şol sebäpden, gaz üpjünçiligi kesiljekde häkimiýetler tarapyndan özleriniň öňünden habarly edilmeklerini talap edýärler.
“Gaz peçlerimizi ýakyp gaýtdyk, duýdansyz gaz üpjünçiligi gaýtadan dikeldilse, partlama bolup, ýangyn döremegi mümkin, şonuň üçin gyssagly öýe baryp gaýtmaly” diýip, iş ýerinden öýe howlugýan käbir maryly ýaşaýjylar aýdýar.
Ýurduň şäher ýerlerinde köplenç merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlaryndan, etrap we obalarda bolsa, merkezleşdirilmedik özbaşdak ýyladyş gazanlaryndan peýdalanylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabadyň käbir etraplarynda hem ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň saklanyp galýandygyny habar berýärler.
Paýtagt ýaşaýjylary il arasynda “Hitrowka” diýlip tanalýan sebitde, ýa-da Bagtyýarlyk etrabynyň Köşi ýaşaýyş toplumy ýaly ilatly ýerlerde howly jaýlaryny ýylatmakda merkezleşdirilmedik özbaşdak ýyladyş ulgamlaryndan peýdalanylýandygyny aýdýarlar.
Şeýle ulgamlar gurnalanda köplenç her bir hojalyk üçin özbaşdak ýyladyş gazanlary oturdylyp, bu gazanlardaky suw tebigy gaz bilen ýyladylýar we gaýnag suw turbalar bilen ýaşaýyş jaýyndaky otaglara çekilýär. Şeýlelikde, her bir otagda gurnalan ýylylyk batareýalary bilen jaýlar ýyladylýar.
Ýöne paýtagtly ýaşaýjylaryň birnäçesi hojalyk jaýlara şeýle ulgamlary ornaşdyrmagyň bahasynyň gymmat bolandygyny aýdyp, käbir jaýlaryň sowetler döwründäki ýaly, ýönekeý peçler bilen ýyladylýandygyny aýdýarlar. Bu bolsa ýangyn howpsuzlygy bilen bagly aladalary gozgaýar.
Şeýle peçlerden çykýan duman tüsse çykarlar bilen öýleriň üçeginden daşaryk çykarylýar. Ýöne ýylylygyň bu usul bilen üpjün edilmegi ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan gadagan edilýär we şeýle peçlerden peýdalanýan hojalyklara jerime ýazýarlar.
“Paýtagtdaky öň gurlan jaýlarda ýagdaý has-da çylşyrymly we kyn bolýar. Köne jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynyň turbalary wagtyň geçmegi bilen poslap, gurumlaýar we sandan çykýar. Şeýle halatlarda ýylylyk üpjünçiligi peselýär” diýip, paýtagtly ýaşaýjylar aýdýar.
Bu bolsa, ilaty özbaşdak ýylylyk üpjünçiligine, gaz peçlere, ýa-da tok peçlere mejbur edýär. Tok peçlerde peýdalanýan hojalyklar bolsa, elektrik energiýasynyň tölegleriniň ýokarlanýandygyny aýdýarlar.
Şeýle problemalar ýurduň sebitlerinde ýylyň-ýylyna gaýtalanýar, welaýat resmileri ýokary derejeli ýygnaklarda sebitlerde kadaly ýylylyk üpjünçiliginiň ýola goýulýandygyny aýdýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar paýtagt Aşgabatdaky “elit” atlandyrylýan jaýlarda hem ýylylyk problemalarynyň bardygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Mary hem-de Aşgabat şäherleriniň ýerli häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.