Maryda we Ahalda ilatyň elektrik üpjünçiligi yzygiderli kesilýär

Maryda we Ahalda ilatyň elektrik üpjünçiligi yzygiderli kesilýär

Türkmenistanda şu günler howanyň temperaturasy gündizlerine kölegede 40 gradusdan aşýan mahaly, Mary we Ahal welaýatynyň ilaty elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Munuň bilen baglylykda, käte hususy jaýlarda we bazarlarda ýangynlar döreýär. Bu ýagdaýlara barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 7-nji awgustda maglumat berdiler.

“Welaýatyň tas ähli şäherdir, etraplarynda we oba ýerlerinde tok yzygiderli öçürilýär. Käbir ýerlerde transformatorlar atylyp, uzakly gün tok bolmaýar. Elektrik simleriniň birleşdirilen ýerleriniň eremegi ýaly wakalar köp bolýar” diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Elektrigiň yzygiderli kesilip durmagy we gaýtadan dikeldilende, onuň ýokary basyş bilen gelmegi elektrik enjamlarynyň ýygy-ýygydan hatardan çykmagyna, ýangyn hadysalarynyň döremegine getirýär.

“Elektrigiň yzygiderli öçüp-ýanyp durmagy käbir öýlerde simleriň eremegine, elektrik enjamlaryň ot almagyna sebäp bolýar. Soňky günlerde Türkmengala we Murgap etraplarynda iki hususy jaýda ýangyn döredi. Şonda öýde adam ýoklugy sebäpli, ejir çeken bolmady” diýip, ýagdaýlardan habarly murgaply ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz şuňa meňzeş ýangynyň Mary şäheriniň “Gök” bazarynda hem bolandygyny, hadysanyň döremegine elektrik simleriniň ot almagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Elektrik hünärmenleriniň we ýangyn söndürijileriň birnäçesi sebitdäki elektrik geçiriji simleriň aglabasynyň aşa könelendigini we olaryň hiliniň pesdigini aýdýar.

“Bu simler Türkmenistanyň yssy howasyna we elektrigiň kesilip durmagy zerarly üýtgäp durýan elektrik basyşyna döz gelip bilmeýär” diýip, elektrik hünärmeni anonimlik şertinde aýtdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” neşiriniň maglumatyna görä, 7-nji awgustda Maryda howanyň temperaturasy kölegede 41 gradusa ýetýär.

Ahaldaky habarçymyz elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikleriň bu welaýatda hem gaýtalanýandygyny aýdýar. Hususan-da, Bugdaýly etrabynyň Ýaşyldepe daýhan birleşiginde ilata bir gün elektrik berilse, iki gün berilmeýär.

“Ýerli hökümet ilatyň edýän şikaýatlaryny çözmegiň deregine, olary gorky astynda saklaýar. Resmiler meseläni çözmegi sorap baran adamlara “durmuşyňdan nägile bolmaklyk watanyňa we hökümete garşy bolmaklykdyr” diýip, jogap berýärler. Soňra-da dura-bara hemme zat gowulaşar diýip, ilaty gorkuzyp, köşeşdirmäge çalyşýarlar” diýip, Bugdaýly etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Marynyň we Ahalyň häkimiýetlerinden, şol sanda elektrik üpjünçilik edaralaryndan telefon arkaly teswir alyp bilmedi.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň dürli künjeginde ilatyň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar yzly-yzyna ýüze çykýar.

Bu bökdençlik, tomsuň jokrama yssy günlerinde ilatyň gündelik durmuşynda dürli kynçylyklary döredýär. Split-sowadyjy ulgamlaryny işledip bolmaýandygy sebäpli, agyr hassalyklardan ejir çekýän raýatlaryň saglygynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ilat doňdurjylardaky azyk önümlerini ýaramly görnüşde saklap galmakda kynçylyk çekýär.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ilatyň elektrik üpjünçiliginde ýygy-ýygydan ýüze çykýan bökdençlikleri agzamaýar we ilata hiç hili düşündiriş bermeýär.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz aşa yssy howanyň köp adamyň saglygyna hem oňaýsyz täsir edýändigini aýdýar. Ekin meýdanlarynda, köçelerde ýa-da umuman Günüň aşagynda işleýän adamlaryň arasynda yssy howa çydaman, huşuny ýitirýän adamlar köp bolýar.

“Maşgala lukmanlary ýaşaýjylara irden sagat 10-dan soňra daşary çykmazlygy maslahat berýärler. Ýöne resmi derejede gürrüň gozgalmaýar” diýip, habarçymyz belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda kondisionerler aýrylýar, ýene-de
Aşgabatda kondisionerleri aýyrmak çäresi täzeden güýçlendi
Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça ýygyndylaryna horwat tälimçileri ýolbaşçylyk eder
Milli ýygyndylarymyzyň täze tälimçileri
Aşgabadyň häkimiýetleri ýene-de split-sistemalary aýyrýarlar
Aşgabatda harbylaryň ýaşaýyş jaýlary ünsden düşürilýär, jokrama yssyda split-ulgamlary işlemeýär