Maryda täze metjidiň açylmagyna we uly Berdimuhamedowyň gelmegine garaşýarlar

Maryda täze metjidiň açylmagyna we uly Berdimuhamedowyň gelmegine garaşýarlar

Marynyň Şatlyk şäherçesinde metjit açmak üçin taýynlyk görülýär. Häkimiýetler howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýärler we dabaralara taýýarlanýar. Alnyp barylýan bu taýýarlyklaryň jikme-jikleri barada resmi habar bolmasa-da, Azatlygyň ýerli habarçylary häkimiýetleriň 11-nji ýanwarda Mara Halk Maslahatynyň başlygynyň gelmegine garaşýandyklaryny habar berdiler.

Habarçynyň sözlerine görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaşylýan sapary Şatlykda täze metjidiň açylmagy bilen baglanyşykly. Bu barada ýurduň ýolbaşçylarynyň saparyna taýýarlyk görýän ýerli häkimiýetler ilata mälim edipdir.

"Ýerli ýaşaýjylar, adat bolşy ýaly, taýýarlyk işlerine näme sebäp bolýandygyny bir gün öňünden bilýärler.Iki günläp ilata ot ýakmak gadagan edildi.Jemagat işgärleri köçeleri arassalamak üçin köpçülikleýin şähere çykaryldy. Ýollar ýuwulýar, howa menziliniň töweregindäki giňişlikler tekizlenýär, haşal otlar arassalanýar.

Hat-da şäheriň çetindäki zeýkeşler bütin gije gazyldy we arassalandy.Saparyň 11-nji ýanwarda başlamagyna garaşylýar, näçe wagt dowam etjekdigi belli däl" - diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 11-nji ýanwarda irden maglumat berdi.

Soňky ýyllarda ýurduň öňki we häzirki prezidentleri Berdimuhamedowlaryň welaýatlara edýän saparlary barada öňünden resmi habar berilmeýär.

Bu aralykda, 11-nji ýanwarda irden Maryda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, ähli etraplardan polisiýa işgärleri we MHM işgärleri getirildi we olar tutuş gije köçelerde nobatçylyk etdi. Şäher häkimiýetleri ilata 11-nji ýanwarda "protokol" diýilýän merkezi köçeleriň ýapyljakdygyny duýdurdy.

Howa menzilinden Şatlyk şäherçesine çenli ähli ýerlerde polisiýa güýçleri gözegçilik edýär, şäherçäniň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmak gadagan edildi.

Şeýle duýduryş Maryda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan baş metjidiň golaýyndaky köp gatly jaýlarda ýaşaýanlara hem berildi. Olara öýlerinden çykmak, hatda jaýlardaky penjireleri açmak hem gadagan edildi. Golaýda ýerleşýän hususy dükanlaryň eýelerine 11-nji ýanwarda işlemezlik buýruldy.

Marynyň "Berdimuhamedow-hajy" metjidinde Gurbanguly Berdimuhamedow wagtal-wagtal sadaka berýär. Onuň prezident bolmagynyň yzýany 2009-njy ýylda gurlan bu metjide 3 million dollardan gowrak pul sarp edilipdi.

Bu aralykda, 10-njy ýanwarda Şatlykda ýurduň ýolbaşçylaryny garşy almak üçin maşklar başlandy. Saýlanyp alnan gatnaşyjylar, şol sanda ýaşulular "ýedi arka" barlagyndan geçirildi.

Türkmen resmileri we habar beriş serişdeleri Berdimuhamedowyň sapary we Şatlykdaky metjit açmak plany barada habar bermediler.

Şatlykdaky metjidiň gurluşygy 2022-nji ýylda başlandy. Onuň Mary welaýatynda ululygy boýunça ikinji ýerde durmagyna garaşylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň prezident bolmagynyň yzýany başlanan Şatlykdaky metjidiň gurluşygy üçin birnäçe ýyl bäri ykdysady krizisde zordan gün görýän ilatdan pul ýygnaldy. Gurluşygyň bahasy aýan edilmedi.

Mundan öň "Tukmen.news" neşiri Şatlykdaky metjidiň mundan ozal Bitaraplyk güni üçin 12-nji dekabrda açylmagynyň planlaşdyrylandygyny, emma wagtynda taýýar bolmansoň, onuň açylyşynyň bir aý yza tesdirilendigini habar beripdi. Şonda açyljak metjide prezident Serdar Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagynyň garaşylýandygy habar berildi.

Şeýle-de, bu garaşsyz neşir dekabr aýynyň başynda harbylaryň Şatlyk şäheriniň golaýyndaky ýarag saklanýan desgada köne patlaýjy serişdeleri ýok edip başlandygyny habar berip, häkimiýetleriň prezidentiň sapary wagtynda partlaýjylaryň tötänleýin ýarylmagyndan howatyrlanandygyny belläpdi. Azatlyk bu maglumaty garaşsyz çeşmelerden tassyklap bilmedi.

Soňky on ýylda Türkmenistanda, paýtagtda we sebitleriň hersinde onlarça metjit guruldy. Häzirki wagtda täze metjidiň gurluşygy Daşoguzda hem dowam edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar
Suw we tok bökdençlikleriniň arasynda, Maryda çüwdürimler işledilmeýär
Maryda çagalaryň arasynda sarygetirme keseli ýaýraýar
Türkmenistanda 50 gradus yssyda ilat uzak wagtlap toksuz we suwsuz galýar
Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy dükanlar köpçülikleýin ýapyldy
Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler Aşgabadyň käbir sebitlerinde hem ýaýraýar
Diňle: Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar