Maryda suw ýetmezçiligi kärendeçileriň özara dawalaşmagyna sebäp bolýar

Maryda suw ýetmezçiligi kärendeçileriň özara dawalaşmagyna sebäp bolýar

Türkmenistanda gowaça ekişi bilen bir hatarda, bugdaýa we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri, şol sanda olara ösüş suwuny tutmak we ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri dowam edýär. Bu oba hojalyk işleriniň arasynda, Mary welaýatyndaky gallaçy kärendeçiler nobatdaky gezek ekerançylyk suwlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Suw ýetmezçiligi käbir kärendeçileriň özara dawalaşyp, aýyplaşmagyna hem sebäp bolýar.

"Kärendeçileriň ekin meýdanlaryna suw ýetmeýär. Diňe kärende ýerleri däl, eýse daýhanlar öz işiklerindäki melleklerini hem suwaryp bilmeýärler. Ýaplarda suw ýok" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Ýaplara suw gelen mahaly, oba ýaşaýjylary, şol sanda kärendeçiler özaralarynda nobat belläp, ekerançylyk ýerlerini suwarýarlar. Ýaplardan akýan suwuň çäkli bolmagy we suwuň köp kärendeçiniň ekin meýdanyna akyp ýetmezligi, käbir daýhanlaryň özara dawalaşyp, aýyplaşmagyna hem sebäp bolýar.

"Adamlar ekin meýdanlaryny biri-birinden öňürti suwarjak bolýarlar. Sebäbi suw ekerançylyk meýdanlarynyň ählisine ýetmeýär. Şol sebäpli iki goňşy kärendeçiniň özara sögüşmegi ýaly wakalar hem bolýar" diýip, habarçy belledi.

Sebitde ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi ​bugdaý meýdanlarynyň köp böleginde kadaly gögerişiň alynmazlygyna hem sebäp bolýar.

"Maý aýynyň ahyrynda bugdaýlar eýýäm orulyp başlanmaly. Eger suw ýetmezçiligi dowam etse, onda munuň başa barmajagy ikuçsyz" diýip, maryly kärendeçi munuň unuň bahasyna-da täsir etmeginiň gaty mümkindigini aýdyp, onuň gymmatlamagyna garaşylýandygyny hem belledi.

Türkmenistanda ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi ýyllarboýy problema bolmagynda galýar, ýöne Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary şu ýyl bu meseläniň has-da ýiti duýulýandygyny aýdyp gelýärler.

Martyň ortalarynda Marydaky habarçymyz welaýatyň çäklerindäki gallaçy kärendeçileriň ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýändigini we şu sebäpli bugdaý meýdanlarynyň köp böleginde kadaly gögerişiň alynmandygyny​ gürrüň berdi.​

Şu hepde bolsa, Lebap welaýatynda kärendeçi daýhanlaryň ekin meýdanlaryny suwarmak üçin öz maddy serişdeleriniň hasabyna elektrik suw nasoslaryny oturdyp, guýulardan suw çekmäge mejbur bolýandygy habar berildi.

Bu habarlaryň arasynda, bilermenler Owganystanda gurulýan Koştepa kanalynyň işe girizilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar.

"Bu mesele däl, eýsem betbagtçylyk bolar. Kanalyň gurulmagy bilen, Amyderýanyň suwunyň 12-15% azalan halatynda suw ýetmezçiligi häzirki derejeden 50% güýçlenip biler" diýip, türkmenistanly gidrogeologiýa boýunça bilermen anonimlik şertinde 30-njy martda aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýyllarboýy dowam edýän ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligini we munuň daýhanlara, şeýle-de oba hojalyk ekinlerine ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun alman gelýärler.

Ýöne ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesiniň prezident derejesinde takrarlanylmagy, häkimiýetleriň bu problemany gytaklaýyn bolsa-da boýun alýandygyny görkezýär.

Türkmenistan şu ýyl 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy we bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna galla hasylyny almagy göz öňünde tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebap: Oba ýaşaýjylary kärendeçileriň suwaryş işleri sebäpli prokuratura ýüz tutdular
Talyban’ astyndaky durmuş: Etniki türkmenleriň Koştepa kanaly bilen bagly gorkulary we umytlary
Guşgy derýasynyň suwy joşdy, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetdi
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Türkmenistan “Talybana”: Serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň kadalary berjaý edilmeli
Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy