Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden pagta ýygym möwsümi mynasybetli pul toplanýar. Ýerli ýaşaýjylar bu tölegiň pagta ýygymyna iberilýän hakyna tutma adamlara geçirilýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji sentýabrda sebitden habar berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, başga-da birnäçe edara-kärhanalar bilen bir hatarda Mary şäherindäki Agyz-suw edarasynyň işgärlerinden adam başyna 50 manat möçberinde pul ýygnalýar.
Türkmenistanda eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri nobatdaky pagta möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli künjeklerinde býujet işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylýandyklaryny habar berip gelýärler.
Ýurduň döwlete degişli edara-kärhanalarynda däp bolşy ýaly, býujet işgärleri ýygym möwsüminiň dowamynda ýa şahsy taýdan ýygyma öz zähmeti bilen gatnaşmaly edilýär, ýa öz ornuna ýygyma hakyna tutma adam ibermäge, ýa-da hakyna tutulan adamyň gündelik tölegini geçirmäge mejbur edilýärler.
Şeýle talaplaryň soňkusy Mary welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarynda durmuşa geçirilýär.
“Biziň edaramyzda her bir işgär pagta ýygymy üçin 50 manat pul tabşyrmaly. Pullary nagt görnüşinde geçirmeli” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Nobatdaky ýygym möwsümine girişileli bäri, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda býujet işgärleriniň pagta ýygyma mejbury çekilmegi barada habar berdiler.
Türkmenistan şu ýyl umumy meýdana 580 müň gektara barabar bolan gowaça meýdanlaryndan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.
Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny ençeme ýyl bäri yzygiderli tankyt edýärler. Şeýle tankytlaryň arasynda, 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Amerikan Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy mejbury zähmet aladalaryna salgylanyp, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, ýa-da türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň Birleşen Ştatlara girizilmegine gadagançylyk girizdi. Bu gadagançylyk heniz hem öz güýjünde galýar.
“Şu aýyň dowamynda eýýäm ikinji gezek pagta ýygymy üçin pul töledik” diýip, maryly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we şeýle tölegleri özleriniň agyr çykdajy hasaplaýandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň soňky hepdesinde Mary welaýatynyň köp sanly edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden pagta ýygymy üçin pul ýygnanylýandygyny, sentýabryň birinji hepdesinde bolsa býujet işgärleriniň ýa ýatymlyk ýygyma gatnaşmaga, ýa-da ýygym üçin pul çykarmaga mejbur edilýändiklerini habar berdi.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň pagtaçylyk pudagynda býujet işgärleriniň zähmetinden mejbury peýdalanylmagy baradaky habarlary ne tassyk edýär, ne-de inkär edýär.
Bu aralykda, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň gowaça meýdanlaryndaky pagtanyň agramly böleginiň tehnikalar bilen ýygnalýandygyny öňe sürýär.
Galyberse-de, BMG-niň Azyk we oba hojalyk edarasynyň resmi web sahypasyna görä, türkmen oba hojalyk hünärmenleri we ylym işgärleri Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda esasan diňe tehnikalaryň ulanylýandygyny aýdýarlar.
Guramanyň 26-njy sentýabrda çap eden habaryna görä, BMG-niň Azyk we oba hojalyk edarasy türk ekspertleriniň pagtaçylyk pudagy boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Türkmenistana eden saparyny guramalaşdyrypdyr.
Türk pagta ekspertleri Aşgabatdaky Oba hojalyk uniwersitetine hem-de şäheriň golaýyndaky gowaça meýdanlarynyň birine baryp görüpdirler.
Türkmen oba hojalyk hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşygynda Türkmenistanda pagtanyň tas doly diýen ýaly diňe tehnika bilen ýygnalýandygyny öňe sürüpdirler we bu maksat bilen daşary ýurtlardan 1000 töweregi pagta ýygyjy kombaýnlaryň satyn alnandygyny we bu tehnikalaryň bäş welaýata paýlanandygyny aýdypdyrlar.
BMG edarasynyň habaryndan çen tutulsa, türkiýeli pagta hünärmenleri Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy baradaky aladalary agzamandyrlar. Olar türkmen pagtasy ýygnalanda esasan tehnikalardan peýdalanylýandygy barada aýdylan öňe sürmeleri kanagatlanma bilen kabul edipdirler.
Türkiýe Türkmenistanyň pagta eksport ugurlarynyň iň esasylarynyň hatarynda durýar. Türk firmalary türkmen pagtasyny yzygiderli satyn alýarlar.
Dünýäde gulçulyga we mejbury zähmete garşy iş alyp barýan Anti-Slavery International guramasynyň 2019-njy ýylyň martynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan her ýyl 300 million dollardan gowrak pagta we pagta önümlerini Türkiýe döwletine eksport edýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary 9-njy sentýabrda Marynyň oba ýerlerinde garyplyk zerarly hatda mekdep okuwçylarynyň hem sapaklardan boş wagtlarynda pagta ýygmaga mejbur bolýandyklaryny habar berdi.
“Halkara pagta kampaniýasy” soňky sapar iýul aýynda Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagyndaky mejbury zähmete halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek üçin ýörite webinar geçirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.