Maryda Orsýetden gaýdyp gelýän zähmet migrantlary köpelýär

Maryda Orsýetden gaýdyp gelýän zähmet migrantlary köpelýär

Türkmenistanda Orsýete giden raýatlaryň arasynda yzyna gaýdyp gelýänler köpelýär. Olaryň arasynda Orsýete gazanç üçin gysga möhletli wiza bilen gidip, onuň möhleti dolanlygy sebäpli gaýdan, şeýle-de, polisiýa tarapyndan tutulyp, ugradylan türkmenistanlylar bar. Azatlygyň Marydaky habarçysy bu ýagdaýyň jikme-jikliklerini öwrendi.

Mary welaýatyndan Russiýa işlemäge giden we soňky günlerde öýlerine gaýdyp gelen ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bilen gürleşen habarçymyz olaryň örän lapykeç we maddy taýdan agyr ýagdaýdadygyny gürrüň berdi.

"Russiýa döwletinde terakt edilenden soň polisiýa reýd geçirip wizasy dolup, gaçyp gizlenip işleýänleri gözläp başlady.Biz öňem birnäçe gezek polisiýa tarapyndan saklanypdyk, emma para berip Türkmenistanda çagalarymyz aç galar diýip düşündirip sypardyk.

Bu gezek sypmadyk deport etdiler we Türkmenistana dolandyk, ilkinji ädimden öz topragymyzda migrasiýa işgärleri para pul almakçy boldular.Deport basaýynmy ýa çözelimi diýip, 400 amerikan dollaryny para soradylar" diýip, Orsýetden dolanyp gelen maryly gürrüň berdi.

Bu ýagdaý, Orsýetde migrantlara garşy reýdler köpelip, jemgyýetde Merkezi Aziýanyň raýatlaryna ýigrençli duýgularyň güýçlenýän döwrüne gabat geldi. Ýagdaý martyň aýagynda "Krokus siti" konsert zalynda bolan terrorçylykly hüjümden we rus häkimiýetleriniň günäkär hökmünde ençeme täjigistanlyny tussag etmeginden soň hasam agyrlaşdy.

Azatlyk bilen gürleşen maryly migrantlar Orsýetde dokumenti düzüw türkmenistanlylaryň hem saklanýandygyny, iş wizasy bolmadyklaryň işledilmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar türkmen raýatlarynyň Orsýetde polisiýa bölümlerine çagyrylyp soraga çekilýändigini, sakgally adamlara we metjide gatnaýanlara hasam köp üns berilýändigini, birnäçe sagatlap polisiýada saklanýandygyny aýdýarlar.

"Teraktdan soň Russiýada arkaýyn gezmek kyn. Köpçülik ýerlerinde adamalaryň ünsi saňa bolýar. Dükanlara gireniňde adamlar senden daşlaşýar. Käwagt "gelen ýeriňe git" diýen gürrüňlere hem gabat gelýäris. Biz merkezi aziýaly bolsak-da terakta günäkär däl, ýöne oňa gynansak-da adamlaryn köpüsi düşünmeýärler" diýip, Orsýetden ýaňy-ýakynda Türkmenistana dolanan ýene bir söhbetdeşimiz aýdýar.

Orsýetden gaýtmaly bolan maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, olaryň maddy ýagdaýy indi ozalkysyndan hem agyr.

"Biz hatda Russiýa döwletine iş gözleginde gitmek üçin eden çykdajylarymyzy hem ödäp bilmedik. Türkmenistandan çykmak üçin men 30 müň manat çykdajy etdim, gara bazar bahasyndan dollar satyn aldym. Her 1 dollary gara bazarda 19,6 manatdan satyn aldyk, käbirler puly prosendine karz alyp gitdi. Özleriniň öý goşlaryny deger degmeze satyp gidenler hem boldy" - diýip, habarçymyz gürleşen maryly aýdýar.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasyny resmi kursdan satyn alyp bolmaýar. Merkezi Bankyň 3,5 manat - 1 amerikan dollaryna barabar resmi kurs boýunça ilatyň belli bir bölegine, şol sanda käbir telekeçilere we daşary ýurtda okaýan studentlere çäkli möçberde çalyşyp berýär.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar özleriniň maddy töwekgelçilige baş goşup, zähmet migrasiýa gitmeginiň sebäplerini Orsýete barandan soň işläp, öýlerine pul ugratmak umydy bilen düşündirdiler.

"Öýe pul ugratsam, arzan nyrhdan satan zatlarymyzy gaýtadan edineris diýip, umyt etdim. Orsýete 3 aýlyk wiza açdyryp, çykyp gitdik. Üç aýymyz dessine göz açyp-ýumar salymda geçdi. Doly işe durup, pikir edişimiz ýaly ýeterlik pul ugradyp bilmedik" diýip, gürrüňdeş bolan ýene bir maryly aýtdy.

Emma Orsýetden gaýdan Marylynyň ýaşaýjylarynyň biri Orsýetdäki şertleriň agyrlaşmagyna garamazdan, Türkmenistana garanda özi üçin has ganymat görünýändigini aýtdy we internetiň tizligi hem-de çagalaryny okatmak ýaly meseleleri agzady. Ol mümkinçilik tapsa maşgalasy bilen Türkmenistandan göçüp gitmek isleginiň bardygyny aýtdy.

"Russiýada wagtlaýyn we hemişelik ýaşaýyş rugsadyny nädip alyp bolýar, iş wizasyny açdyryp 5-10 ýyl işläp ymykly Türkmenistandan gaýtmak, çagalarymy maşgalamy hem ýanyma alyp gaýtmak barada pikir edip başladym.

Men 6-7 aý Russiýada işlän döwürimde adamlaryň erkana ýaşaýandygyny görüp öz watanymyz bolan Türkmenistan bilen deňeşdirenimizde biz we biziň hossarlarymyzyň agyzlarynyň we el aýaklarynyň gulp astyndadygyny gördük.Başda Türkmenistan bilen Russiýany deňeşdiren bolsam, soňra Ýewropada adamlaryň ondanam has azat we erkin ýaşaýandygyny gördüm. Şol sebäpden in soňky zadymyzy satyp gaýtmalam bolsa, ýurtdan çalt ýagdaýda çykmaly diýen netijä geldim" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Türkmenistanyň raýatlary ýurtdaky agyr işsizlik zerarly gazanjyň ugrunda daşary ýurtlara çykmaga synanyşýarlar.

Türkiýäniň wiza girizmegi we migrasiýa düzgünlerini pugtalandyrmagy türkmenistanlylar üçin bu ýurda syýahat mümkinçiliklerini çäklendirdi. Bu aralykda Orsýete gidýänler köpeldi. Ukrainada uruş alyp barýan we harby mobilizasiýanyň möçberini artdyrýan Orsýetdäki ýagdaýlar hem türkmen raýatlaryny şu çaka çenli bu ýurda gitmekden saklanmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Günebakar ýagy has gymmat bahadan satuwda peýda boldy
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Türkmenistanda pasport nobaty birinji gezek tas iki ýyla uzady
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär