Maryda näbelli mör-möjekler ýaýraýar

Maryda näbelli mör-möjekler ýaýraýar

Marynyň köp gatly jaýlarynda näbelli mör-möjekler ýaýraýar. Ýaşaýjylar bularyň günsaýyn köpelýändigini, ýöne ýerli häkimiýetler tarapyndan ýeterlik çäre görülmeýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy iýulda sebitden maglumat berdi.

“Mary şäherindäki köp gatly jaýlaryň köpüsiniň diwarlarynda mör-möjeklerden ýaňa ýer ýok. Olar gijelerine has hem köpelýärler. Ýaşaýjylaryň jaýlarynyň içi hem bu möjeklerden doly” diýip, şäher ýaşaýjysy anonim şertde aýtdy.

Ýaşaýjylaryň ençemesi habarçymyza beren maglumatynda agymtyl reňkdäki bu mör-möjekleriň geçen hepdäniň başynda peýda bolup başlandygyny we olaryň sanynyň gün-günden köpelýändigini aýdýar.

Bu mör-möjekler welaýatyň Türkmengala etrabynda hem ýaýraýar. Etrap ýaşaýjylarynyň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, gije mör-möjeklerden ýaňa ýatyp bolmaýar.

“Mör-möjekler gije çagalaryň gulagyna girýär. Çagalary bu möjeklerden goramak üçin uzak gije ýatmaýarys” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýaşaýjylar öýlerini dürli mör-möjeklere garşy dermanlar, himiki serişdeler bilen dermanlaýandyklaryny, ýöne mör-möjekleriň ölmeýändigini aýdýarlar.

“Ýerli häkimiýetlerden kömek soradyk. Käbir Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri köp gatly jaýlaryň girelgelerine gijesi bilen hlor sepip çykdylar. Ýöne hiç hili peýdasy bolmady. Ýerli häkimiýetlere edýän şikaýatlarymyz netije bermeýär. Möjeklere garşy ýeterlik çäre görülmeýär” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Ol ýaşaýjylaryň öýleriň içindäki mör-möjekleri elleri bilen ýekeme-ýeke öldürip çykýandyklaryny, soňra-da zerurlyk bolmasa, äpişgelerini we gapylaryny açman, olara garşy özbaşdak göreşýändiklerini hem sözüne goşdy.

Azatlygyň habarçylary bu mör-möjekleriň nämedigini häzirlikçe anyklap bilmediler. Redaksiýanyň bu barada ýerli häkimiýetlerden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne Maryda mör-möjekleriň ýaýraýandygy barada IMO sosial ulgamynyň türkmen dilli ulanyjylary hem yzygiderli maglumat paýlaşýarlar.

Soňky günlerde çap edilen maglumatlaryň birinde sosial ulgam ulanyjysy möjekleriň suratyny paýlaşyp, “Adamlar kömek ediň, ýurdumyza bu möjekler çozdy” diýip ýazýar.

Ýene bir ulanyjy “Dykgat, dykgat” diýip, “şu wagtky çozan ak möjeklere ot ýaksaňyz, [olar] oda üýşýärler we ölýärler” diýýär.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda mör-möjekleriň dürli görnüşleri wagtal-wagtal ýaýraýar. Mundan öň büre, tagtabit, çekirtge, sarygarynja ýaly möjekleriň aşa ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykdy.

Geçen aýyň ortalarynda bolsa, Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki habarçylarymyz kelle bitiniň epidemiýasy barada maglumat berdiler.

Bu meseleleriň soňky birnäçe ýyl bäri, ýurduň dürli sebitlerinde dowam edýändigine garamazdan, ýurduň sanitariýa we epidemiologiki gözegçiligine jogapkär wekiller mör-möjekleriň ýaýramagy we onuň sebäpleri barada ilata maglumat bermeýärler

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem bu barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Lebabyň körler we kerler jemgyýeti eşige we aýakgaba mätäçligiň dörändigini aýdyp, ilatdan kömek soraýar
Ýylyň iň gowy 10 filmi
ÇOPAN BILEN MÖJEK(Türkmen milli oýny)