Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar

Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar

Türkmenistanda resmi derejede entek yglan edilmedik pagta ýygym kampaniýasy iş ýüzünde bat alýar. Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynda döwlet edaralary pagta meýdanlaryna hem öz işgärlerini ugradýar, hem-de ýygymçylary hakyna tutmak üçin işgärlerden pul toplaýarlar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bu üç welaýatdaky ýagdaý barada habar berýärler.

Mary welaýatynda pagta ýygym üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar. Ozalky ýyllardan tapawutlylykda pagta ýygym üçin pul tabşyrmak talaby saglyk işgärlerinden hem edilýär. Azatlyk bilen gürleşen ýerli medisina işgärleri koronawirus döwründe saglyk işgärlerinden pagta ýygymy üçin pul almagyň ýatyrlandygyny bellediler.

"Bu ýyl 20-nji awgustdan soňra saglyk işgärleri hem pagta ýygymyna pul tabşyryp başladylar. Her edara azyndan 15 işgärini pagta meýdanlaryna ugratmaly edildi. Her işgär öz gezeginde hakyna tutma ýygymçylara 40 manatdan pul bermeli bolýar" diýip, habarçymyz ýerli saglyk işgärlerine salgylanyp, habar berýär.

Habarçynyň sözlerine görä, her edara günde 15 adamy pagta meýdanyna ugratmaga borçly, şonuň üçin işgärleriň nobaty düzülýär we olar öz gezegi ýetende hakyna tutma işgär üçin 40 manat tabşyrmaly bolýar.

"Eger işgär pul tabşyrman pagta gitjek diýse, oňa rugsat berilmeýär. Şol işgärden pagta gitmeli nobatynda öz iş ýerinde bolmak we 40 manat tölemek talap edilýär. Aýda her işgäre 2-3 sapar nobat ýetýär" diýip, habarçymyz medisina işgärini sitirleýär.

Azatlyk bilen gürleşen medisina işgärleriniň sözlerine görä, pagta ugradylmaly adamlaryň sanynyň sentýabryň başynda ýene iki esse artdyrylmagyna garaşylýar. Bu barada işgärler bilen geçirilen ýygnaklarda aýdylydyr.

Käbir döwlet edaralarynda pagta ýygmaga ugradylýan işgärleriň ýa-da olaryň öz ýerine hakyna tutup iberen adamlaryň pagta meýdanlaryna ýatymlaýyn gitmeli boljagy duýdurylypdyr.

"Pagta möwsümi dynýança her işgär öz ýerine iki sapar ýatymlaýyn hakyna tutma ýygymçy ugratmaly bolýar" diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen býujet edaralaryndaky işgärleriň sözlerine görä, bir ýygymçynyň gündelik zähmet haky ortaça 40 manada, ýagny resmi kurs boýunça 11,4 dollara durýar, birnäçe günlük ýatymlyk ugradylýan adam üçin töleg bolsa 600 manada ýeter. Resmi kurs boýunça bu 171,4 amerikan dollaryna barabar bolýar.

"Bu býujet işgärleri üçin gaty agyr gelýär. Ýolbaşçylar öz nägileliklerini bildirýän işgärlere işlejek bolsaňyz tölemeli diýip jogap berýärler.Ortaça pagta möwsüminiň dowamynda bir býujet işgäriniň tabşyrýan puly 2 müň manada barabar bolýar.

Köp tehniki işgärleriň ortaça aýlygy 1000 manada hem barmaýar.Olar pagta ýygymy üçin tölemeli puly tabşyrmak üçin karz alyp, soň bütin ýyl bergisini bölekläp üzmeli bolýarlar" diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.

Marydaky habarçymyzyň maglumatyna görä, şu günler welaýatyň pagta meýdanlarynda mekdep okuwçylary hem pagta ýygýar. Olar günde 40-50 kilogram pagta ýygyp, özlerine okuw esbaplaryny satyn almak üçin gazanç edýärler.

Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi resmi taýdan adatça sentýabryň ikinji hepdesinde başlanýar. Hökümetiň ýylda 1 million 250 müň tonna pagta planyny ýerine ýetirmek üçin ýyllarboýy býujet işgärleri awgustdan başlap mejbury ýagdaýda pagta ýygyma çekilýärler we pagtany dekabra çenli ýygýarlar.

Emma maryly býujet işgärleriniň sözlerine görä, şu günler býujet işgärleriniň tabşyrýan pulunyň hasabyna ýerli häkimiýetleriň hususy ekin meýdanlaryndaky pagta hasyly hem ýygylýar.

"Býujet işgärleriniň hasabyna häkimliklere we emeldarlara degişli potrat meýdanlaryndaky pagta ýygdyrylýar" diýip, ýene bir maryly gürrüň berdi.

Awgustyň başynda Azatlygyň habarçylary býujetçileriň ýerli häkimiýet wekillerine degişli hususy meýdanlardaky çürtüm işlerine gatnaşdyrylýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda döwlet derejesinde agzalmaýan oba hojalygyndaky mejbury zähmet tejribesi häkimiýetleriň öz ygtyýarlygyndan hyýanatçylykly peýdalanmagyna ýol açýar.

Geçen hepde-de Lebapda polisiýa işgärleriniň özlerine derek pagta ýygyma öňki tussaglary ugradýandygyny ýerli çeşmeler habar beripdi.

Şu günler pagta ýygym üçin pul toplamak işleri Türkmenabadyň himiýa zawodunda hem alnyp barylýar. 1000 işgärli bu edara pagta meýdanyna günde 30 adam ugradýar, galanlaryň ýerine hakyna adam tutýar. Kärhanadaky ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, hakyna ýygymçy tutmak üçin işgärlerden 30 manat ýygnaýarlar.

"Hakyna tutulan adamlara 20 manatdan töleýärler, galan 10 manady başlyklar özlerine alyp galýarlar. Pagta ýygym hemmä degişli, şonuň üçin tölemeli, bolmasa, işgärler her dynç güni ir sagat 6-dan 17:00 çenli özleri pagta ýygmaly bolýarlar" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk himiýa zawodunyň wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Balkan welaýatynda býujet işgärleri pagta ýygyma bir hepdä golaý wagt bäri çekilýärler.

Ýerli habarçylara görä, welaýat edara-kärhanalarynda işgärlerden ýygnalýan pul 45 manada ýetýär. Lukmanlar, mugallymlar we beýleki býujetçiler bilen deň derejede ýerli telekeçiler hem pagta ýygmaly bolýarlar. Şu sebäpden 20-nji awgustdan bäri Gyzylarbatda Magtymgulyda we Bereketde daýhan bazarlary iş wagtyny agşam sagat altydan ona çenli uzaldypdyr.

Şeýle-de, Gyzylarbatda sentýabryň başyndan pagta ýygym sebäpli toý-sadakalara gözegçilik giriziljekdigi, hususy ýük ulagy bar raýatlaryň pagta daşamak işlerine çekiljekdigi duýdurylypdyr. Bu barada ýerli habarçymyz 26-njy awgustda maglumat berdi.

Türkmenistanda býujet işgärlerini, esgerleri we mekdep okuwçylaryny ýyllarboýy pagta önümçiliginde ulanyp gelýär.

Pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýän Türkmenistanyň hökümeti ilatyň mugt iş güýçi hökmünde ulanylýandygyny açyk agzamaýar.

Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) 2023-nji ýylda Türkmenistana baryp gören missiýasy ýurduň pagta meýdanlarynda ilatyň, şol sanda çagalaryň zor bilen işledilmeginiň alamatlaryny tapdy. Bu barada “Turkmen.news” habarlar gullugy, Bütindünýä zähmet gullugynyň hasabatyna salgylanyp, habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
Balkanly býujet işgärlerinden ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri üçin pul ýygnalýar
Syýahatçylyk möwsümini açmaga taýýarlanýan Awazada býujet işgärleri arassaçylyk işlerine mejbury çekilýär
Balkanda 'gurply' ýaşaýjylar soraga çekilýär
Balkanda bugdaý eken kärendeçiler saman umydyndan kesilýär - çeşmeler
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?