Maryda howpsuzlyk we arassaçylyk çäreleri bat alýar, ýerli häkimiýetler ýolbaşçylara garaşýar

Maryda howpsuzlyk we arassaçylyk çäreleri bat alýar, ýerli häkimiýetler ýolbaşçylara garaşýar

Şu günler Mary welaýatynda düýpli arassaçylyk işleri geçirilýär we howpsuzlyk şertleri pugtalandyrylýar. Adatça ýurt ýolbaşçylarynyň saparlarynyň öňýany geçirilýän bu çäreler barada Azatlygyň Marydaky habarçylary maglumat berýärler.

Maryda ýaşaýjylara birnäçe günläp öz howlularynda ot ýakmak, tamdyrlarynda nan ýapmak, umuman tüsse çykarmak gadagan edildi. Şäheriň uly köçeleriniň ugrunda ýerleşýän köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylaryndan penjiräni açmazlyk talap edildi. Daşarda oturan adamlardan, şol sanda çagaly gelinlerden öýlerine girmek talap edilýär.

Şäheriň dürli ýerlerinde güýçli depginde arassaçylyk işleri alnyp barylýar. Köçelerde itler we pişikler tutulýar.

"Ýol edarasynyň, jemagat, arassaçylyk edaralarynyň işgärleri üç gün bäri öýlerinde myhman bolup, uzakly gün köçeleri syryp-süpürmek, ýuwmak, ýerleri agdarmak, baglaryň guranlaryny çapmak ýaly işlere çekilýärler. Öý müdirliginiň işgärleri köpçülik bolup, jaýlaryň üçeklerini, diwarlaryny reňklemek we abatlamak ýaly işleri berjaý edýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy 10-njy awgustda Marydan habar berdi.

Düýpli arassaçylyk işleri bilen birlikde howpsuzlyk çäreleriniň pugtalandyrylmagynyň häzirki sebäpleri resmiler tarapyndan düşündirilmese-de, ýerli ilat bu taýýarlyklary ýurt ýolbaşçylarynyň welaýata garaşylýan sapary bilen baglanyşdyrýar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar şeýle taýýarlyklaryň welaýatda ýylyň dowamynda birnäçe gezek bolýandygyny we her gezek prezidentiň ýa-da onuň kakasynyň sapary bilen bagly bolýandygyny belleýärler.

"Mary welaýatyna prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasynyň saparyna garaşýarlar we taýýarlanýarlar. Öňki gezek Gurbanguly Berdimuhamedow sapar edende edil şeýle bolup, ot ýakmak, çörek bişirmek gadagan edilipdi" diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň başlygy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň welaýatlaryna wagtal-wagtal sapar edýärler. Emma döwlet baştutanlarynyň resmi görnüşde geçirilýän saparlary barada ýyllarboýy ne resmiler, ne-de döwlet metbugaty öňünden habar berýär. Saparyň boljagy we anyk wagty gizlinlikde saklanýar.

Marydaky häzirki taýýarlyklar ýerli ilatyň durmuşyna, telekeçileriň işine we aýratynam ilatyň sosial üpjünçiligi gowşak gatlagyna täsir ýetirdi.

"Polisiýa işgärleri agşam 20:30-da ähli dükanlary, kafe restoranlary, toý zallaryny ýapdyrýar.Daşarda üýşip oturan oglanlary polisiýa bölümine alynyp gidýärler, olaryň kiselerini we el telefonlary dörýärler.

Köçelerde serhoşlary, dilegçilik edýän adamlary, zibil dörýänleri, hatda geýimi köne bolan adamlary saklaýarlar.Saklanan adamlar serhoş bolmasa-da polisiýa bölümine eltilip, wagtlaýyn tussag astyna alynýar.Polisiýa olara prezident gelip-gidensoň boşatjagyny aýdýar" diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Şu günler ýol gözegçilik polisiýasynyň işi hem janlandy. Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri awtoulaglaryň reňkine gözegçilik edýär, ýagny reňki gara, goýy gök, goýy ýaşyl we beýleki goýy reňki awtoulaglary jerime duralgasyna alyp barýar. Köçelerde diňe ak we kümüşsöw awtoulaglaryň hereket etmegine rugsat berilýär.

Şäher polisiýasynyň şu günler alyp barýan işleriniň ýene biri protokol köçeleriniň ugrundaky köpgatly jaýlara aýlanyp, ilata duýduryş bermekden ybarat.

"Penjiräni açmaly däl, iç ýüzünden örtük örtmeli we hatda gyrasyny açyp jyklamak hem bolmaýar. Hatda penjiräniň öňünde goýlan gülleri-de tä prezident gelip-gidýänçä gün şöhlesinden mahrum edip, jaýyň içinde goýmaly" diýip, maryly ýaşaýjy özlerine polisiýa tarapyndan berlen duýduryşlar barada gürrüň berdi.

Marydaky uly taýýarlyklaryň fonunda şu gezek hem ýurt ýolbaşçylarynyň sapary, onuň wagty we marşruty barada resmi habar berilmedi.

Şeýle-de bolsa, marydaky taýýarlyklar bilen birlikde şäheriň Medeniýet öýüniň işgärleri we tansçy toparlary Serhetabat şäherçesine ýatymlaýyn äkidildi.

"Meniň ýegenim prezident Serhetabatda bir zat açýar biz 5-10 günlik ýatymlyk gitmeli diýip, geçen hepde aýtdy. Emma olaryň ellerinden mobil telefonlary MHM edarasy tarapyndan alyndy. Men indi onuň bilen jaňlaşyp bilemok, alada galýaryn" diýip, maryly ýaşaýjy öz hossarynyň saglygy baradaky aladasyny paýlaşdy.

Çeşmeleriň sözlerine görä, soňky günlerde Marydan Serhetabada birnäçe günlük iberilenleriň arasynda başga döwlet edaralarynyň işgärleri hem bar. Olara daşary ýurtlardaky garyndaşlary we tanyşlary bilen habarlaşmagyň gadagandygy duýdurylyp, mobil telefonlary ellerinden alynýar.

Ataly-ogul Berdimuhamedowlar welaýatlara sapar edende köplenç täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim
Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
Lebapda, Maryda ýagan güýçli ýagyş we ýel ilatyň elektrik üpjünçiliginiň uzakly gün kesilmegine getirdi
Marynyň häkimiýetleri ýowar geçirip, howpsuzlygy güýçlendirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady