Mary welaýatynda pagta möwsümi tamamlanyp, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça meýdanlarynda sürüm işlerine girişildi. Ýöne sebitde sürüm traktorlaryna bölünip berilýän dizel ýangyjy ýetmezçilik edýär, mehanizatorlar ýangyç paýlanyşygynda 'eden-etdilige' ýol berilýändigini aýdýarlar.
“Bize kagyzda görkezilýän dizel ýangyjyndan üç esse az ýangyç berilýär. Häzir oba ýerlerinde ýangyç paýlanyşygyna jogap berýän adamlar baýap başlady. Meselem, her bir traktor 400 litr ýangyç ýakdy diýip, resmi kagyz taýýarlaýarlar, galan ýangyç hususy ýük ulag sürüjilerine satylýar” diýip, bir mehanizator aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär, ýöne şeýle gürrüňler oba hojalyk işleri üçin sarp edilýän nebit önümlerine tölegleriň geçirilişiniň gözegçilikde saklanylmagynyň talap edilýän pursatlaryna gabat gelýär.
2-nji dekabrda oba hojalyk işlerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda, welaýat häkimliklerine we oba hojalyk resmilerine bu pudakda sarp edilýän nebit önümlerine degişli töleg işleriniň gözegçilikde saklanylmagy tabşyryldy.
Mary welaýatynda pagtaçy kärendeçiler özlerine dizel ýangyjynyň ýetmezçilik edýändiginiň aýdylyp, şeýle maksatlar bilen pul serişdeleriniň ýygnalyp alynýandygyny aýdýarlar.
“Häkimlik işgärleri pagtaçy kärendeçilerden dizel ýangyjyny bahanalap, 200 manatdan pul ýygnap alýarlar” diýip, ýerli daýhan aýdýar.
Muňa garamazdan, olar özleriniň gowaça meýdanlarynda heniz hem sürüm işleriniň geçirilmändigini aýdýarlar.
Bu ýagdaýa nägilelik bildiren 6-7 ýedi sany kärendeçi etraplaryň birinde häkimlige baryp, şikaýat bildiripdirler.
“Hawa, habarymyz bar, ýöne ilki bilen Ýolöten etrabyndaky iri ýollaryň gyralarynda ýerleşýän gowaça meýdanlarynda sürüm işlerini geçirmeli. Sebäbi, paýtagtdan iberilýän wezipeli adamlar şol ýollardan peýdalanýarlar. Şonuň üçin, siziň ýerleriňizde geçirilmeli sürüm işleri biraz soňa goýuldy” diýip, daýhanlar häkimlik işgäriniň özlerine aýdan sözlerini sitirleýär.
Dizele niýetläp, 200 manat harajat çykaran, ýöne öz ýerlerinde sürüm işlerini geçirip bilmeýän kärendeçiler, bolmalysyndan az bölünip berilýän dizel ýangyjy bilen kanagat etmeli bolýan mehanizatorlar, galyberse-de ýangyç paýlanyşygynda eden-etdilige’ ýol berip, özlerine ynanylan emläkden bikanun peýdalanmakda aýyplanýan jogapkär adamlar günorta-gündogar sebitiň oba hojalyk pudagynda işleriň barşyndan habar berýär.
“Biziň kärende ýerimiziň ýarysyny hem agdarman, sürüm işlerini geçirmän 200 manat pulumyzy aldylar” diýip, beýleki bir kärendeçi aýdýar.
Mehanizatorlar dizel ýangyjynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşigi tarapyndan paýlanyp berilýändigini aýdýar. Azatlyk Radiosy bu edaradan ýangyç paýlanyşygy bilen bagly resmi teswir alyp bilmeýär.
Döwlet metbugaty dekabryň başynda sebitlerde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini habar berdi. Şol bir wagtda, günorta-gündogar sebitde gant şugundyryny ýygnap almak işleriniň hem alnyp barylýandygy aýdyldy.
Türkmenistanda pagta möwsüminiň yz ýany, kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilip, gowaça meýdanlary derrew öňümizdäki ýylyň hasylyna taýýarlanyp başlanýar we sürüm işlerine girişilýär.
Maryly mehanizatorlar her bir kärendeçiden dizel ýangyjyna niýetlenip, 200 manat möçberinde ýygnalyp alnan pul serişdeleriniň daýhan birleşikleriň başlyklary we häkimlik işgärleri tarapyndan paýlaşylýandygyny öňe sürýärler.
“Kärendeçilerden ýygnalyp alynýan 200 manat puldan bize peýda ýok. Bu pullar brigadirler, başlyklar, arçynlar we häkimlik işgärleri tarapyndan öz aralarynda paýlaşylýar. Bize-de aňsat däl!” diýip, bir traktor sürüjisi aýdýar.
Azatlyk bu maglumatlary hem ýerli häkimliklere tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmeýär.
Türkmenistan ýurduň gowaça meýdanlaryndan bu ýyl hem 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnap almagy meýilleşdirdi. Plan borçnamasynyň ýurt boýunça ýerine ýetirilip ýetirilmändigi aýdylmaýar.
Ýöne Ministrler Kabinetiniň 6-njy dekabrda geçirilen mejlisinde ýanwar-noýabr aýlary aralygynda “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça meýilnamanyň 100 göterim ýerine ýetirilendigi öňe sürüldi.
Türkmenistan ýangyç serişdelerine baý ýurt, muňa garamazdan kärendeçiler we mehanizatorlar oba hojalyk işlerine sarp edilýän ýangyjyň paýlanyşygyndan özleriniň kanagatlanmaýandyklaryny aýdýarlar.
Kärendeçiler dizel üçin özlerinden pul serişdeleriniň ýygnalyp alnandygyna garamazdan, sürüm işleriniň geçirilmeýändigini, mehanizatorlar bolsa, bu pullaryň özlerine berilmeýändigini aýdýarlar. Kärendeçiler-de, mehanizatorlarda dizel ýangyjynyň paýlanyşygy boýunça oba resmilerini we häkimlik işgärlerini aýyplaýarlar.
Bu ýurt pagta önümçiliginde hem dünýäde öňdäki ýurtlaryň hatarynda gelýär. Ýöne häkimiýetler ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan bu pudakda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.