Maryda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän aýal-gyzlar göz-görtele köpelýär

Maryda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän aýal-gyzlar göz-görtele köpelýär

Maryda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän aýal-gyzlaryň sany göz-görtele köpelýär. Muňa esasan Türkiýede we Russiýada migrantlara garşy geçirilen reýdleriň çäginde deport edilen türkmen erkekleriniň Türkmenistandan çykmagyna gadagançylyk girizilmegi sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar barada maryly ýaşaýjylaryň onlarçasy Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Öňler iş gözleginde daşary ýurtlara has köp erkek adamlar giderdi. Ýöne häzir esasanam Türkiýeden deport bolup, ýa-da pasportyny çalyşmak üçin watana dolanan raýatlaryň ýurtdan çykarylmazlygy, ýurtda dowam edýän işsizlik we durmuş gymmatçylygy indi aýal-gyzlaryň gazanç üçin köpçülikleýin häsiýetde daşary ýurtlara gitmegine getirýär” diýip, Baýramaly etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türk häkimiýetleriniň 2023-nji ýylyň tomus paslynyň başyndan bäri Türkiýedäki bikanun migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň çäginde müňlerçe türkmen raýaty Türkmenistana deport edildi.

Mundan ozal Ankara 2022-nji ýylyň sentýabrynda, Aşgabadyň haýyşy boýunça, türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy.

Mundan başga-da, soňky birnäçe ýylyň dowamynda rus häkimiýetleri hem Russiýadaky bikanun zähmet migrantlaryna garşy yzygiderli reýdleri geçirdiler.

Her aýda 10-12 aýal Russiýa ýa Türkiýä gidýärBu reýdleriň netijesinde, Türkmenistana dolanan raýatlara, habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, 3 ýyldan 5 ýyla çenli aralykda ýurtdan çykmak gadagançylygy girizildi.

“Soňky ýarym ýylyň dowamynda Baýramaly etrabynyň tas her bir geňeşliginde her aýda 10-12 aýal maşgala Russiýa ýa-da Türkiýä işlemäge gidýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýolöten etrabynyň Şöhrat we Agzybirlik geňeşlikleriniň ençeme ýaşaýjysynyň tassyklamagyna görä, şuňa meňzeş ýagdaýlar soňky birnäçe aýyň dowamynda bu sebitde hem gaýtalanýar.

“Ilkibada erkek adamlar daşary ýurtlarda aýal-gyzlaryň ýoluny ýitirýändigini aýdyp, öz aýallaryny daşary ýurtlara işlemäge ibermejek boldular. Ýöne olar ýurtda gazanç etmek üçin iş ýokdugyny, azygyň, durmuşyň gymmatdygyny, güzeran eklemek üçin başga çykalganyň ýokdugyny görüp, indi gazanç üçin iş gözleginde aýallaryny daşary ýurtlara iberip başladylar” diýip, ýolötenli bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Adamsy bilen sögüşip, gerek bolsa aýrylyşyp"Raýatlaryň arasynda aýalynyň daşary ýurtlara gitmegini islemeýänler hem köp. Bu ýagdaý, köplenç maşgalalaryň dargamagyna getirýär.

“Adamsy bilen sögüşip, gerek bolsa aýrylyşyp, daşary döwletlere gidýän aýal maşgalalar hem göz-görtele köpeldi. Sebäbi iki-üç çagasy bolan bu aýallar oba-hojalyk meýdanlarynda gündelik zähmet çekip, alýan girdejileriniň çagalaryny eklemäge ýetmeýändigini, daşary ýurda gidip gazanç etmekden başga alaçlarynyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, Agzybirlik geňeşliginiň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Raýatlaryň arasynda geljekde daşary ýurtlarda doly ýerleşmek, adamsyny we çagalaryny öz ýanlaryna almak isleýän zenanlar hem bar.

“Ýurdumyz häzirkiden üýtgäp, her bir maşgalada näme iýsek, näme geýsek problemasy gutaran güni, yzymyza dolanarys. Ýogsam bolmasa, çagalarymyzy hem ýanymyza alarys, Adamymyz hem deportunyň güýji gutaransoň, ýanymyza geler. Şeýdip, biz daşary ýurtlarda birigip, ýaşarys” diýip, Türkiýä gitmäge taýýarlyk görýän maryly zenan anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Çagalaryň ejesiz ýa-da kakasyz ulalmagyAzatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň migrasiýa edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we durmuş gymmatçylygy, köp raýatyň gazanç üçin iş gözleginde daşary ýurtlara gitmegine getirdi.

Ýerli synçylar bu tendensiýanyň maşgalalaryň dargamagyna, çagalaryň ejesiz ýa-da kakasyz, käte ene-atasyz ulalmagyna getirýändigini we munuň sosial problemalaryň ýitileşmegine alyp barýandygyny aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we munuň ilata ýetirýän täsirlerini, raýatlaryň köpçülikleýin zähmet migrasiýasyna gitmegini aç-açan boýun almaýarlar.

Ýurt ýolbaşçylary daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany baradaky statistikany hem ilat köpçüligine mälim etmeýärler. Bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdeleri hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda şäher awtobuslary şygarlar bilen bezeldi
Parlament täze hökümete ses berdi
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Täze mekdep okuwçylary üçin kompýuterleriň 76,6 müňden gowragy taýýarlanyldy