Maryda çilim söwdagärlerine garşy reýdler geçirilip, çilim çekýänler saklanýar

Maryda çilim söwdagärlerine garşy reýdler geçirilip, çilim çekýänler saklanýar

Mary welaýatynda çilim söwdagärlerine we çilim çekýän raýatlara gözegçilikler güýçlendi. Polisiýa işgärleri çilim we temmäki önümlerini satýan söwdagärlere garşy reýdleri geçirýärler. Şeýle-de, köçelerde we köp gatly jaýlaryň töwereginde çilim çekýän raýatlar hem saklanýar we pul jerimesini tölemäge mejbur edilýär. Bu çäreleriň arasynda, çilimiň we mahorkanyň bahasy 50% gymmatlady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, 21-nji fewralda polisiýa işgärleri hususy dükanlara reýdleri geçirip başlady. Reýdleriň dowamynda raýat geýimli polisiýa işgäri dükana müşderi ýaly bolup girýär we dükan eýesinden çilim soraýar.

"Dükan eýesi çilimi çykaryp berende, polisiýa geýimli adamlar dükana girip, çilim satmagyň gadagandygyny aýdýarlar. Dükan eýesiniň çilimleri elinden alnyp, oňa polisiýa bölümine barmak tabşyrylýar. Şeýle-de, olara 1 müň manada çenli pul jerimesi salynýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran hususy dükan eýeleriniň biri 21-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz şeýle reýdleriň emeli döredilen söwda nokatlaryna, ýagny Baýramaly etrabynda Medeniýet ýolunyň ugrunda döredilen bazara hem gurnalýandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri mahorka satýan söwdagärleri saklap, olary polisiýa bölümlerine alyp gidýärler.

"Mahorka söwdasyny edýän söwdagärleriň aglabasy bolsa, polisiýa işgärleri bilen "ylalaşyp", olara para berýär. Olar mahorkany haltasy bilen alyp gidip, ulaglarynyň arkasyna ýüklejekdiklerini we onuň söwdasyny şol ýerden dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar. Polisiýa olar bilen "ylalaşýar" we olardan 1 müň manada çenli para alýar" diýip, bu bazarda söwda edýän satyjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu reýdler bilen bir wagtda, köçelerde we köp gatly jaýlaryň töwereginde çilim ýa mahorka çekýän raýatlar hem polisiýa tarapyndan saklanýar. Olara 100 manat möçberinde pul jerimesi salynýar.

Bu çäreleriň yz ýany, çilimiň we mahorkanyň bahasy 50% gymmatlady. 22-nji fewralda bir kilogram mahorkanyň bahasy 400 manatdan 600 manada ýokarlandy. Şeýle-de, 200 manatdan satylan çilimleriň biri gutusy 300 manada gymmatlady.

"Gutulap satylýan mahorkanyň bahasy hem 10 manada ýetdi. Onuň öňki bahasy 5 manada deňdi. Onuň içinde 10 sany mahorka bar" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan kanun goraýjy edaralaryň birnäçe işgäri bu çäreleriň sebäplerini "häkimiýetleriň çilimiň bahasyny gymmatlatmak tagallalary" diýip düşündirýär.

"Häzir çilimleriň bahasy ýokarlanar. Soňra onuň gizlin, bir az wagt geçensoň-da aç-açan söwdasyna gaýtadan rugsat berler. Çilimleriň bahasy bolsa gymmat bolmagynda galar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran kanun goraýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu çäreler barada Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 22-nji fewralda ýerli wagt bilen sagat 13:00-17:00 aralygynda eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek ugrunda göreşýär. Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

2013-nji ýylda Türkmenistan raýatlaryň jemgyýetçilik edaralary bilen bir hatarda, hususy kärhanalarda, guramalarda, restoranlarda, dükanlarda, medeni merkezlerde we seýilgählerde çilim çekmegini kanun esasynda gadagan etdi.

Şeýle-de, häkimiýetler 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda hem karar kabul etdi.

Bu kararyň yzysüre, hususy dükanlarda temmäki önümleriň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edilip, döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal çäkli möçberde ýola goýuldy. Bu bolsa, çilimiň gizlin söwdasynyň pajarlap, onuň bahasynyň sanlyja ýylda onlarça esse gymmatlamagyna getirdi. 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda ortaça 3 manatdan satylan çilimleriň bahasy 2021-nji ýylda 80 manada çenli ýokarlandy.

Geçen ýyl Türkmenistan ýurduň çäginde elektron çilimleriň söwdasyny hem resmi taýdan gadagan etdi. Bu gadaganlykdan iki ozal, ýagny 27-nji iýulda Bütindünýä Saglyk Guramasy hasabat çap edip, elektron çilimleriň oňaýsyz täsirlerine üns çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Çilim çäklendirmeleri ýurduň temmäki önümlerinden doly saplanmagyna alyp gelmedi - ýerli ýaşaýjylar
Temmäki önümleriniň ygtyýarnamasyz söwdasyna garşy göreş batlanýar
Türkiýede Çilim Çekýänleriň Sany Azaldy
Çilimiň bahasy 100 manada çykdy, sil suwlarynda zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar
Çilim söwdasynyň 'täze kadalary' nobatlaryň azaljagyny aňlatmaýar
Polisiýa Maryda we Türkmenabatda çilim söwdasyna gözegçilik edýär, aýallar nobatdan çykarylýar
Çilim we spirtli içgi satylýan dükanlarda telekeçileriň ygtyýarnamalary barlanýar, barlagçylar para alýar’