Maryda çagalaryň arasynda sarygetirme keseli ýaýraýar

Maryda çagalaryň arasynda sarygetirme keseli ýaýraýar

Maryda çagalaryň arasynda gepatit, sarygetirme keseli ýaýraýar. Häzirki wagtda sebitiň ýokanç keselleri hassahanalarynda saglyk bejergisini alýan çagalaryň sany göz-görtele köpeldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler lukmanlara ýüz tutýan çagalaryň aglabasyna sarygetirme diagnozy goýulýar. Esasan hem çagalar baglarynda ýüze çykýan sarygetirme keseli zerarly, welaýatyň ýokanç keselleri hassahanalarynda bejergi alýan çagalar köpeldi” diýip, Mary şäheriniň hassahanalarynyň birinde işleýän, ýagdaýlardan habarly lukman anonim şertde aýtdy.

Maryly saglyk işgärleriniň ençemesiniň habarçymyz aýtmagyna görä, käbir halatlarda bolsa bu keselçilik garamyk we gyzamyk ýaly keseller bilen hem utgaşýar.

Olaryň tassyklamagyna görä, sarygetirmäniň ýaýramagyna zerur bolan arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmezligi, zir-zibil çelekleriniň kadaly arassalanmazlygy we gigiýena talaplaryna gabat gelmeýän suwlardan peýdalanylmagy sebäp bolup bilýär.

“Tomsuň yssy günlerinde bulançak suwly ýaplarda suwa düşýän çagalar juda köp. Şeýle-de, zibil çelekleriniň kadaly arassalanmaýan halatlaryna hem örän köp duş gelse bolýar. Bu ýagdaýlar, keseliň ýokuşmagyny we ýaýramagyny güýçlendirýär” diýip, başga bir maryly lukman belledi.

Sebitde çagalaryň arasynda sarygetirme keseliniň ýaýramagy we munuň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan ilata aç-açan düşündiriş berilmeýär.

Bu barada Azatlygyň Mary welaýat häkimliginden we saglyk bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynda hem, Maryda çagalaryň arasynda sarygetirmäniň ýaýramagy ýa-da ondan goranmagyň usullary barada hiç bir maglumat göze ilmeýär.

Ýöne waka, ýurduň dürli sebitlerinde zibil çelekleriniň kadaly arassalanmaýandygy we olaryň töwereginde zir-zibilleriň dolup-daşyp durandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, soňky bir aýyň dowamynda Azatlygyň habarçylary ilata berilýän agyz suwunyň hiliniň ýaramazlaşandygy, onuň bulançak sary reňkdedigi we ondan poslan demriň ysynyň gelýändigi barada-da ençeme gezek maglumat berdiler.

Saglyk.org neşiriniň maglumatyna görä, wirusly gepatitleriň B, C, D, G görnüşleri bolup, C gepatiti köplenç alamatsyz geçip, bagryň has çynlakaý zeperlenmelerine getirip bilýär.

Häkimiýetler bu keselçiligiň Maryda çagalaryň arasynda ýaýramagy barada aç-açan maglumat bermeseler-de, käbir çagalar baglarynda toparlary karantine alýarlar.

“Sarygetirme çykan çaganyň gatnaýan toparyndaky ähli çagalaryň analizlerini tabşyrmaklyk buýruldy” diýip, Marynyň çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, käbir çagalar baglarynda terbiýeçiler sarygetirme bilen kesellän çagalaryň ene-atasyndan hassahana ýüz tutanlarynda çagalarynyň çagalar bagyna gatnamaýandygyny aýtmagy soraýarlar.

“Munuň sebäbi terbiýeçileriň hem analiz tabşyryp, otaglaryň içini dermanlamaly bolýandygy bilen baglanyşykly. Bularyň çykdajylary terbiýeçileriň üstüne ýüklenýär. Mundan başga-da, olar bir topar barlagçylary hem sowmaly bolýarlar” diýip, terbiýeçi belledi.

Şol bir wagtda, terbiýeçileriň we ene-atalaryň ençemesi ýokanç keseliň has-da ýaýramazlygy üçin onuň gelip çykan edarasyny doly dermanlap, birnäçe gün arassaçylyk işlerini geçirmegiň möhümdigini aýdýarlar.

“Muňa derek, köp terbiýeçi başardygyndan hadysany gizlemäge synanyşýar. Muňa bolsa, ýurtda döwletiň amal etmeli dermanlamak işleriniň býujet işgärleriniň üstüne ýüklenmegi sebäp bolýar” diýip, maryly ene anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Marynyň Bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda giň ýaýraýan ýokanç keselleriň statistikasy barada aç-açan maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar
Suw we tok bökdençlikleriniň arasynda, Maryda çüwdürimler işledilmeýär
Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy dükanlar köpçülikleýin ýapyldy
Türkmenistanda 50 gradus yssyda ilat uzak wagtlap toksuz we suwsuz galýar
Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler Aşgabadyň käbir sebitlerinde hem ýaýraýar
Diňle: Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar