Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi

Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Mary şäherinde çagalaryň gatnaşmagynda Grassroots futbol baýramçylygyny gurady.

Guralan baýramçylyk çäresinde Mary welaýatynyň futbol mekdepleriniň ýaşajyk futbolçylary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.

Mary şäherinde geçirilen Grassroots futbol baýramçylygynyň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Golaý wagtda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň bilelikde gatnaşmagyndaky çagalar futbol festiwallary ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi
“Bawariýanyň” 27-nji “Bazeliň” 20-nji çempionlygy
Futbol täzelikleri
Uzaga çeken çempionlyk arzuwlary
Total futbolyň 2-nji bölümi