Maryda býujetçileriň hasabyna şugundyr ýygnalýar

Maryda býujetçileriň hasabyna şugundyr ýygnalýar

Şu günler Maryda başlanan gant şugundyryny toplamak işleri býujet işgärleriniň, galyberse-de administratiw jogapkärçiligine çekilen raýatlaryň hasabyna mejbury amala aşyrylýar. Habarçymyz käbir işgärleriň uzakly gününi meýdanda geçirmejek bolup, öz ornuna günlükçi tutýandyklaryny aýdýar.

“Maryda gant şugundyr ýygymy başlandy. Ýerli şeker zawodunyň aglaba işgäri, goşmaça töleg tölenmezden, mellek ýerlerine iberilýär.Biz ir sagat 6-dan, ikindin sagat 18-e çenli şugundyr toplamaly.

Bu talapdan boýun gaçyrjak gümanaň ýok. Ýolbaşçylaryň dilden berýän bu talabyna garşy çyksaň, onda iş ýeriňi ýitirmek howpy uly” diýip, bu mejbury işlere çekilen raýatlaryň biri 24-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçymyz şugundyr ýygym işlerine Baýramalynyň ýag zowodunyň işgärleriniň hem mejbury çekilýändigini anyklady. Ol käbir işgärleriň pul çykaryp, öz ornuna günlükçi tutýandyklaryny hem belledi.

“Býujetçiler uzakly gününi meýdanda geçirmejek bolup, 40 manada öz deregine günlükçi tutýarlar. Emma muňa garamazdan, olar şol güni iş ýerine hökmany geläýmeli. Agyr işsizlik sebäpli, günlükçi bolmak isleýän adamlar juda köp, olaryň arasynda gelin-gyzlar hem bar. Olaryň esasy bölegi her gün daň bilen Marynyň Gres şäherçesindäki şeker zawodunyň öňünde toplanýarlar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi nygtady.

Mundan başga-da, beýleki oba hojalyk önümleriniň hasylyny toplamak işlerinde hem bolşy ýaly, administratiw jogapkärçiligine çekilen raýatlar hem meýdanlara mejbury iberilýär.

“Dürli kiçi etmişlerde, esasan hem serhoş bolup saklanan raýatlar hem ýygym işlerine çekilýär. Emma býujetçilerden we günlükçilerden tapawutlylykda, olar polisiýasyň berk gözegçiliginde saklanýar. Sebäbi olaryň şugundyr meýdanlaryny öz islegine görä terk edýän hadysalary köp bolýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Marynyň häkimliginden, şeýle-de sebitiň şeker zawodundan maglumat almak başartmady.

Türkmenistanda şugundyr hasylynyň býujet işgärleriniň, esgerleriň, okuwçylaryň hasabyna ýygnalýandygy barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem ençeme gezek maglumat beripdi.

Türkmenistanda gant şugundyry esasan ýurduň Mary we Balkan welaýatlarynda ýetişdirilýär. Bu ýylky göz öňünde tutulýan şugundyr hasyly barada resmi çeşmelerde maglumat göze ilmeýär.

Emma geçen ýylky resmi habarlara görä, 2022-nji ýylda bu ekin Mary welaýatynyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýere, Balkanda bolsa Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda jemi 3 müň gektar ýere ekildi. Umumy hasapda gant şugundyrynyň 224 müň tonna hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirildi.

Resmi habara görä, şugundyr hasyly ýurtda şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk kärhanada "Maryşeker" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işlenip taýýarlanylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda häkimiýetler ten satýan zenanlary şugundyr hasylyny ýygnamak işlerine çekýär
Şugundyr eken daýhanlar: Oba resmileri ne dökün, ne suw, ne-de tehnika üpjünçiligine ýardam edýär
Mary welaýatynyň işewür telekeçileri gant şugundyryny köpçülikleýin ekýärler
05.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Prezident Berdimuhamedowa döwlet gurluşlaryndaky we býujet edaralarynsdaky korrupsiýa faktlary barada hasabat berildi
Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi tamamlandy