Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar

Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar

Mary welaýatynda her bir býujet işgärinden pagta ýygymyna niýetlenip, pul serişdeleriniň mejbury ýygnalmagy dowam etdirilýär. Bu aralykda, pes hasylly gowaça meýdanlary pagtaçy kärendeçileri aladalandyrýar. Olaryň ençemesi şertnamalaýyn borçnamanyň hötdesinden gelip bilmän, döwlete bergidar çykmakdan howatyr edýärler.

“Býujet işgärlerinden pagta ýygymyna niýetlenip, pul ýygnalmagy dowam etdirilýär. Heniz hem her bir býujet işgäri öz ornuna hakyna tutma işçileri pagta ýygymyna ugratmak üçin, 30 manat pul çykarmaly bolýar” diýip, maryly bir býujet işgäri aýdýar.

Türkmenistan ýyllarboýy pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Býujet işgärleri pagta möwsüminde ýa ýygyma gatnaşmaga, ýa-da öz orunlaryna hakyna tutma işçileri ýygyma ugratmaga mejbur edilýärler.

Hukuk toparlary türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy şeýle tejribelerden el çekip bilmeýändigini we bu ulgamda mejbury zähmeti aradan aýyrmakda möhüm öňe gidişlikleri gazanyp bilmeýändigini aýdýarlar.

Türkmen hökümeti gowaça hasylyny “ak altyn” atlandyryp, ýüzlerçe müň gektar meýdana serlip ýatan ekerançylyk meýdanlarynda köp suw talap edýän gowaça hasylyny her ýylda şertnama esasynda ösdürip ýetişdirmegi dowam etdirýär.

Pagtaçy kärendeçiler ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginiň Mary welaýatynda bu ýyl hem gowaça meýdanlarynyň hasyllylygyny pese gaçyrandygyny aýdýarlar.

“Ýolöten, Türkmengala, Baýramaly we Murgap etraplarynda şu ýyl suw problemasy öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has agyr boldy. Köp sanly suw akabalarynda düýbünden suw bolmady” diýip, ýerli daýhanlar aýdýar we bu ýagdaýyň gowaçanyň ideg işlerine oňaýsyz täsir edendigini belleýärler.

Ýurduň iň iri suw akabasy bolan Garagum kanalynyň hem-de möhüm suw çeşmeleriniň biri bolan Murgap derýasynyň ýakasynda ýerleşýän günorta-gündogar etraplarda diňe bir pagta hasyly däl, eýsem, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasyllylygy hem pes bolupdyr.

“Gowaça gozalary gaty az, hasyllylyk gaty pes, köp ýerde asla gögeriş bolmady, kärende ýerimiziň köp bölegi takyr ýer bolup ýatyr. Boş ýerlere gawun, garpyz ýa-da kädi ýaly ekinleri ekmäge-de rugsat bermeýärler” diýip, bir ýerli daýhan aýdýar.

Kärendeçiler kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň gowaça meýdanlaryna aýlanyp, gowaçanyň hatar aralaryna başga ekinleriň ekilip-ekilmändigini ýöriteläp barlaýandyklaryny aýdýarlar.

Ýerli daýhanlar pes hasylly gowaça meýdanlarynda hasyl toplamagyň aladasyna gümra mahaly, resmiler bu sebitde “pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de yrýa etmän, ýygnap almak” barasynda gürrüň edýärler.

Marynyň welaýat häkimligine görä, “welaýatda bar bolan pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy, harmanhanalaryň 35-si” üstümizdäki ýygym möwsüminde pagta hasylyna garaşýar.

“Pagta hasyly el güýji, şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary işjeň ulanmak bilen ýygylýar. Döwletimiz tarapyndan satyn alnyp berlen, kämil daşary ýurt tehnikalary hem pagtaçy kärendeçileriň ýakyn ýardamçysy bolup durýar” diýip, ýerli “Maru şahu jahan” neşiri ýazýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda býujet işgärleriniň ýygym möwsümine mejbury çekilmegi, ýa-da olardan pagta ýygymyna niýetlenip, pul serişdeleriniň toplanmagy barada habar berýär.

Pagtanyň hasyllylygynyň pes bolmagy sebitde onlarça gektarlyk ekerançylyk ýerlerini kärendesine alyp, gowaça ösdürip ýetişdirýän hususy telekeçileri hem aladalandyrýar.

“Hasyl pes boldy, gögeriş alyp bilmedik, bu ýagdaý hem suw problemasy bilen bagly bolup durýar” diýip, bir hususy daýhan hojalygynyň eýesi aýdýar.

Ol öňki ýyllarda pagta hasylynyň pes bolup, şertnamalaýyn borçnamanyň hötdesinden gelnip bilinmedik pursatlarynda, ýerli häkimiýetleriň özlerine birnäçe tonna pagtany satyn aldyrandyklaryny aýdýar.

“Bir aý çemesi mundan ozal sebitde pagta kärhanalarynyň ýolbaşçylary çalyşdy. Bu ýyl pagta hasylyny satyn almak geçen ýyllardaky ýaly aňsat bolmajak ýaly, hany göreli!” diýip, ýerli telekeçi aýdýar.

Geçen ýyl bu sebitde reformaçy’ bir häkimiň pagta möwsümi bilen bagly girizen gadaganlyklary möhüm habar bolupdy. Pagta möwsüminiň yz ýany, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu häkimi iş ýerinde zyýarat edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

MHM we IIM edaralary gowaça meýdanlarynda mal bakýan adamlary 'awlaýarlar'
Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär
Býujetçiler pagta ýygyma girişdi, öňki bendilere pagta ýygdyryljagy duýduryldy   
Maryda mekdep okuwçylary we işgärleri 'haýyr-sahawata' mejbur edilýär
Administratiw temmi alan raýatlar, esgerler pagta ýygymyna mejbury çekilýär, býujetçiler pul töleýär
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar