Maryda bolan ýol hadysasynda üç okuwçy wepat boldy

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, 26-njy noýabrda ir sagat 11-e golaý Ýolöten bilen Mary aralygyndaky ýolda iki sany mikroawtobus çakyşdy. Köçe-ýol hadysasy netijesinde 13 ýaşyndaky mekdep okuwçylarynyň üçüsi heläk boldy.

14 orunly mikroawtobus okuwçylary Ýolötenden Mary şäherine alyp barýardy. Okuwçylaryň ählisi 2005-nji ýylda doglan çagalar. Wepat bolan üç okuwçydan başga, birnäçe çaga dürli derejelerde ýaralandy. Şol sanda, bir oglan çynlakaý kelle trawmasyny aldy. Ol häzir Marynyň şäher hassahansynda agyr hassalaryň bölüminde bejergi alýar.

Mary tarapdan gelýän ikinji mikroawtobusdaky pidalar ýa ejir çekenler hakynda ýeterlik maglumat alyp bolmady.

Çagalaryň mikroawtobusda nirä barýandygyny haýsydyr bir köpçülik çäresiniň repetisiýasyna ýa-da olimpiadalara ýa-da ýaryşlara gatnaşmaga alnyp barylýandygyny hüzirlikçe anyklap bolmady. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleriniň maglumatyndan çen tutulsa, şol gün Maryda hiç bir ähmiýetli medeni-köpçülik çäresi geçirilmedi.

25-26-njy noýabrda ýurduň ähli ýerinde güýçli ýagyş ýagdy. Bu ýagyn birnäçe köçe-ýol hadysasyna sebäp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Boludaky myhmanhana ýangynynda onlarça adamyň pida bolmagy sebäpli ýas tutýar
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
Euronews.com Türkmenistanyň medeni mirasy barada makala çap etdi
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy