Maryda bir ýaşaýjy otlynyň aşagyna düşdi

Maryda bir ýaşaýjy otlynyň aşagyna düşdi

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde bir ýaşaýjy, demirýol reýslerinden geçjek bolan mahaly, otlynyň aşagyna düşüp heläk boldy. Azatlygyň sebitdäki habarçysy 8-nji noýabrdaky pajygaly hadysanyň, görnüşinden, ýolagçynyň seresapsyzlygy sebäpli ýüze çykandygyny, şol bir wagtda munuň bilen baglylykda otlynyň dolandyryjysynyň jezalandyrylmagynyň mümkindigini aýdýar.

“Bu hadysa Mary şäheriniň, taksileriň toplanýan, Baýramaly krug’ diýilýän ýeriniň golaýynda boldy. 30 ýaşlaryndaky bir zenan bu ýerden geçýän demir ýol liniýalaryndan aşjak bolan mahaly otlynyň aşagyna düşdi. Aňyrdan gelýän otly duýduryş signallaryny berse-de, nauşnikli zenanyň ony eşitmändigine meňzeýär” diýip, bu ýagdaýyň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz 9-njy noýabrda gürrüň berdi.

Bu hadysa şaýat bolan taksiçileriň habarçymyza aýtmagyna görä, heläk bolan zenanyň bedeni param-parça’ bolupdyr, şeýle-de wakanyň ýüze çykan ýeriniň töweregindäki köçeler ençeme sagatlap petiklenipdir.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, merhumyň geçen ýerinde pyýadalaryň demir ýoldan aşmagy üçin niýetlenen ýörite geçelge ýok. Ýöne şäherde pyýada ýa-da tigirli gatnaýan ýerli ýaşaýjylar köplenç demir ýoluň şu böleginden geçýärler.

Habarçymyz merhumyň doly şahsyýetini anyklap bilmedi.

Bu aralykda, prokuratura zenanyň ölümi bilen baglylykda derňewe başlady. Şaýatlaryň belleýşi ýaly, zenan göz öňünde tutulmadyk ýerden geçýän mahaly otly duýduryş signallaryny berse-de, häzir onuň dolandyryjysyny jezalandyrmak ähtimallyklary bar.

“Prokuratura otlynyň maşinistini soraga çekdi. Dolandyryjynyň iş ýeri onuň günäli ýa günäsizdigine hem garaman, diňe bu waka ilteşikli bolany üçin ony işden çykarjak bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyga Marynyň häkimliginden, prokuraturasyndan, galyberse-de “Türkmendemirýollary” agentliginden bu heläkçilikli ýagdaý barada kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary bilen bagly statistiki maglumatlary halk köpçüligine aýan etmeýärler. Döwletiň eýeçiligindäki media serişdelerinde bular barada reportažlar görkezilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurtdaky şular ýaly hadysalar barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kyzylelma ilkinji uçuşyny 2023-nji ýylda amala aşyrar
Ukrainanyň Prezidenti, Selçuk Baýraktary “Döwlet nyşany” Ordeni Bilen Sylaglady
Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Türkiýe 100 Ýurda Çaý Eksport Etdi
Sekiz dalaşgär dalaş edýär