Maryda benzin gytçylygy emele geldi

Maryda benzin gytçylygy emele geldi

Soňky birnäçe günden bäri ýangyja baý Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýiti benzin gytçylygy döredi. Ýerli ulag eýeleri munuň duýdansyz ýüze çykandygyny, şeýle-de ulaglaryna ýangyç guýdurmak umydy bilen, şol sanda çetki etrapdyr şäherlerden hem sürüjileriň merkezi Mary şäherine köpçülikleýin ýagdaýda gelýändiklerini gürrüň berdiler.

“Maryda 30-njy sentýabr irdenden bäri benzin asla bolmady. Şäheriň dürli ýangyç stansiýalarynda nobata duran ýüzlerçe ulagy synlasa bolýardy. Käbir sürüjiler eli plastik çüýşeli köçeleriň gyralaryna çykyp, geçip barýan ulaglardan benzin hem soradylar” diýip, maryly ulag sürüjisi 2-nji oktýabrda giçlik ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetiniň efirde aýan edilmezligini soran söhbetdeşimiz Marynyň käbir ýangyç stansiýalarynda hili has pes benziniň çäkli mukdarda satylandygyny hem belledi.

“Mary-Aşgabat uly ýoluň ugrunda ýerleşýän, Guşginskiý proýezd’ atlandyrylýan ýangyç stansiýasynda her ulaga A-80 markaly benziniň 20 litri berildi. A-92, A-95 benzin asla ýokdy, bu barada ýörite bildiriş hem asylypdyr. Hili pes bolsa-da, bu çäkli berilýän ýangyjy guýdurmak synanyşygynda, dört setirden düzülen 600 metrlik ulag nobaty döredi” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Ol nobatlarda dawa-jenjelleriň, hatda ýakalaşmalaryň hem bolýandygyny, şol bir wagtda benziniň ýokdugy aýdylýan ýangyç stansiýalarynda adamlaryň, benziniň gaýtadan gelmegi umydynda, birnäçe günläp ulaglarynda ýatyp-turýandyklaryny hem aýtdy.

“1-nji oktýabrda Murgap ýolundaky, ýagny Galkynyş bazaryň golaýyndaky ýangyç stansiýasyna bir ulag bilen A-80 markaly benzin getirildi. Emma ol benzin 2 sagadyň dowamynda dessine gutardy. Ýerli hünärmenler nobatdaky ýangyjyň haçan gaýtadan geljekdigini bilmeýändiklerini aýtdylar” diýip, söhbetdeşimiz şaýat bolan wakalaryny gürrüň berdi.

Bu aralykda, hil taýdan has pes hasaplanýan benziniň käbir ulaglary sandan çykarýandygy hem bellenilýär.

“Esasan hem degişlilikde täze öndürilen ulaglar, A-80 benzini guýanlaryndan soň, asla otlanmady. Sürüjiler muňa nägileligini bildirjek bolsalar-da, ýangyç stansiýasyndaky işgärler munuň özlerine bagly däldigini, diňe getirilip berlen ýangyjy paýlaýandyklaryny düşündirjek boldular” diýip, maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Ol benziniň ýangyç stansiýalaryndan ýitmeginiň yzy bilen, taksi tölegleriniň hem ýokarlanandygyny, mysal üçin Mary-Baýramaly aralygynda gatnaýan taksileriň ozalky 15 manat tölegini 20 manada çykarandyklaryny hem belledi.

Marynyň häkimliginden benzin gytçylygy bilen bagly emele gelen ýagdaýlar barada resmi düşündiriş ýa kommentariýa almak başarmady.

Türkmenistan ýangyç serişdelerine baý döwlet bolup, British Petroleumyň 2021-nji ýyl boýunça çap eden hasabatyna görä, ýurduň 600 million barrele barabar subut edilen nebit gorlary bar.

Şol bir wagtda, soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.

Galyberse-de, döwletiň gözegçiligindäki media bu nogsanlyklar barada dymyp, daşary ýurtlara eksport edilýän ulag ýangyjy barada habar berýärler.

Ýarym-resmi hökümetçi neşir özbek metbugatyna salgylanyp, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistana 11,7 million litr benzin eksport edendigini habar berdi. Munuň bilen, Türkmenistan Özbegistana benzin eksport etmekde Russiýadan soň ikinji orunda gelýär.

Maryda emele gelen ýangyç gytçylygy, Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň arasynda, tutuş dünýäde, hususan-da Ýewropada ýangyç-energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýiti derejede gymmatlan wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi
Maryda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär
Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisi Hytaý, epidemiýanyň fonunda, gaz importyny azaldýar
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
21.05.2019 | Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär