Maryda bakjalarda çagalaryň sany aşa köp

Maryda bakjalarda çagalaryň sany aşa köp

Mary welaýatynyň çagalar baglarynda ýer ýetmezçiligi duýulýar. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, şeýle-de bolsa bakjalarda çagalar kabul edilýär, emma bu olaryň uzak gün saklanýan şertlerine ýaramaz täsir ýetirýär.

"Mary welaýatynyň çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň sany gereginden artyk. Çagalar baglaryna gatnaýanlaryň sany iki esse köp, ýa-da ondan hem artykmaç. Her bir toparda göz öňünde tutulan 25 çaga derek 40-45 çaga ýerleşdirilyär. Olaryň ýatak jaýlarynda ýer ýetmezçiligi, stollaryň, oturgyçlaryň ýetmezçiligi sebäpli çagalar gysylyşyp, ýerleşmeli bolýarlar" diýip, çeşmeleriň biri Mary şäheriniň çagalar baglarynyň birindäki şertleri gürüň berdi.

Çagalar baglaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler bu kynçylyklaryň çagalar baglarynda körpeleriň sanynyň bolmalysyndan köpdügi bilen baglydygyny belleýärler.

"Çagalar bagynda körpeler iki orunlyk stolyň daşynda 4-5 bolup, ýerleşdirilip oturdylýar. Ýetmeyän oturgyçlary ene-atalardan getirip bermeklerini soraýarlar. Köp çagaly toparlarda krowatlaryň ýetmezçiligi sebäpli iki krowady birikdirip, olara 4-5 çagany ýatyrýarlar. Ýassyk, ýorgan ýetmeýär, olar hem ene-atalaryň boýnuna" diýip, maryly çeşme gürrüň berdi.

Çagalar baglarynyň terbiýeçileri körpeleriň köp bolmagynyň hem körpelere, hem-de işgärlere agram salýandygyny aýdýarlar. "Gelýän barlaglar terbiýeçilere jetime salýarlar, çagalar bagynda çagalara talabalaýyk seredilmeýär diýip belleýärler" diýip, terbiýeçi aýdýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmelere görä, bakjalara aşa köp çagalanyň alynmagy bilim müdürliklerinden berilýän tabşyryga esaslanylýar.

Marydaky çeşmeleriň biri bilim müdirliginiň üsti bilen çagany bakja ýerleşdirip bolýandygyny gürrüň berdi.

"Bilim müdrliginde işleýänlere her çagadan 2 müň manat para berip, islendik çagalar bagyna perzendiňi ýerleşdirip bolýar" diýip howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmagyny islemedik çeşme aýdýar.

Ene-atalar çagalar bakja gatnap başlanoň her aýda ençeme zady satyn alyp barmaly bolýandygyny gürrüň berdi.

"Çagalar bagyna çagaňy ýerleşdireniňden soňra eliňe uly spisok berilýär. Ol ýerde gap gaçlar we olary ýuwmak üçin serişdeler, gury, çygly salfetkalar we şuňa meňzeş bir topar zatlar bar. Sanawdaky zatlary her aý getirmeli bolýar" Çagany bakjada güýmemek üçin öýunjaklary hem getirdýärler. Emma soň tekjelerde bezeg üçin sergi hökmünde goýýarlar" diýip, ene aýdýar.

Şeýle-de, ene-atalaryň sözlerine görä, çykdajylar arassaçylyk serişdeleri we öýünjaklar bilen çäklenmeýär. Remont etmek we dürli iri goşlary satyn almak üçin hem pul ene-atalardan toplaýarlar.

"Remont, kondisioner, haly, mebeller we çagalara gerek bolan zatlaryň ahlisini ene-atalaryň hasabyna edinýärler" diýip, maryly ýene bir çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň Bilim müdirliginden we çagalar baglarynyň wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynda körpeleri çagalar baglaryna para bermezden ýerleşdirmegiň örän kyndygyny habar beripdi.

Ene-atalar çagasyny bakja ýerleşdirmek üçin ýaşaýan ýerindäki bilim bölümlerine ýüz tutýar we çagalaryny çagalar bagyna kabul etdirmek üçin nobata durup, resminamalary tabşyrýar. Ýöne nobatyň birnäçe ýyllap dowam edýändigini we käbir ene-atalar çaga dogulan badyna nobata durýandygyny habar berip, sebäbi nobatyň 4-5 ýyla çekip bilýändigini belläpdi.

Bu ýagdaýda Maryda körpäni çagalar bagyna nobatsyz salmak üçin paranyň iki ýyl mundan öň şäherde 1 müň we 2 müň manat aralygynda, etraplarda 500 we 1000 manat aralygynda bolandygyny habarçylary aýdypdy. Aşgabatda körpeleri çagalar bagyna nobatsyz salmak üçin para 1700 manada barabar bolupdy.

Türkmenistanda çagalar baglaryndaky problemalary bilim resmileri we döwlet mediasy açyk gozgamaýar. Azatlygyň habarçylary çagalar baglarynyň ençemesinde şertleriň öwerlikli däldigini, hatda azyk üpjünçiliginiň örän gowşakdygyny, çagalaryň aç galýandygyny we hatda berilýän çöregi hem käte iýip bolmaýandygyny, ýokanç keselleriň tiz ýaýraýandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Reflýuks
29.11.2017 | Paýtagtymyz Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleriň açylyşy boldy
Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde rumyn opera aýdymçysy Irina Iordakesku çykyş etdi
SEEMOUS-2018 bäsleşiginde talyplar matematika topary medallaryň 7-sini eýeledi
29.10.2018 | Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi