Maryda amerikan ýazyjylary bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

Maryda amerikan ýazyjylary bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň Medeniýet, Bilim hem-de Daşary işler ministrlikleri bilen bilelikde, Mary welaýat kitaphanasynda amerikan ýazyjylarynyň türkmen diline terjime edilen we iňlis dilindäki kitaplarynyň sergisini gurady. 27-nji maýda bolan çäre ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Oňa ilçihananyň, kitaphananyň, habar beriş serişdeleriniň, bilim ulgamynyň işgärleri bilen bir hatarda, çagalaryň uly topary hem-de köp sanly okyjylar gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar bu ýerde okyjylar üçin döredilen şertler, okalga zallary, çagalara we ýaşululara niýetlenilen otaglar bilen gyzyklandylar. Myhmanlar kitaphananyň muzeýine, onuň üçeginde ýerleşdirilen obserwatoriýa hem aýlanyp gördüler. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Welaýat kitaphanasynyň ýolbaşçysy sergi bilen ugurdaşlykda geçirilýän çäräni açyp, bu ýerde giň gerimli kitap sergisiniň guralandygy üçin hoşallyk bildirmek bilen, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine söz berdi.

Ilçi Mettýu Stiwen Klimow myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin hoşallygyny beýan edip, bu günki kitap sergi-ýarmarkasynyň geçirilmeginiň maksady barada aýtdy.Bellenilişi ýaly, diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesine bagyşlanan bu çäre iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, amerikan ýazyjylarynyň türkmen diline terjime edilen we iňlis dilindäki kitaplary bilen ýerli okyjylar köpçüligini giňden tanyşdyrmaga gönükdirildi.

Kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde iňlis dilindäki kitaplardan ybarat amerikan burçy döredildi, şeýle-de Spelling Bee atly bäsleşik guraldy. Onda ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan amerikan ýazyjylarynyň türkmen diline terjime edilen we iňlis dilindäki kitaplarynyň uly toplumy Mary welaýat kitaphanasyna sowgat berildi. Çärä gatnaşan okyjylara hem sergide görkezilen kitaplardan ýadygärlik sowgatlar berildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda brodweý sazlary ýerine ýetirildi
Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly guraldy
Türkmenistanda Işewürlik-Adalatçysy edarasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistan owgan bosgunlaryny serhetden "geçirmeýär". "Talyban" Kabula gözegçilik edýär
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK