Maryda “Altyn Asyryň” mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pese gaçdy

Maryda “Altyn Asyryň” mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pese gaçdy

Şu günler Mary welaýatynda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili mese-mälim pese gaçdy. Şeýle-de, kärhananyň mobil hasaby doldurmak hyzmaty hem çäklendirilip, müşderilerden tölegler diňe ofislerde kabul edilip başlandy.

Bu barada Mary welaýatyndan maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaşaýjylaryň biri-birine jaň etmek üçin birnäçe sapar jaň aýlamaly bolýandygyny, sebäbi aýlanýan telefon belgileriň yzly-yzyna birnäçe sapar "öçürilen" diýip görkezýändigini aýdýar.

"Mary şäherinde gerek bolan adama azyndan 10-20 sapar jaň etmeli bolýar. Jaň aldyranyňdan soň hem, birek-birek bilen kadaly gürleşip bolmaýar. Sesler ýitip, kesilýär ýa-da ulgam doly ýitýär. SMS hem edil jaň ýaly, öz wagtynda barmaýar ýa-da SMS-iň iberen abonentiňe düýbünden barmaýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýän bu bökdençliker geçen hepdäniň başynda has-da ýaramazlaşdy. Bu bökdençlikleriň çäginde mobil aragatnaşyk ulgamynyň Internet hyzmatynyň hili hem pese gaçdy.

"Howa maglumatyny görmek üçin azyndan ýarym sagat garaşmaly bolýar. IMO messenjeri hem kadaly işlemeýär. Adamlaryň daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlary bilen habarlaşmagy juda kynlaşdy" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

"Altyn Asyryň" mobil hasaby doldurmak hyzmaty hem çäklendirildi. Kärhana öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri diňe merkezi ofislerinde kabul edip başlady.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, welaýatyň daşky etraplarynda "Altyn Asyr" mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili indi üç aý bäri pes bolup, soňky hepdelerde has-da ýaramazlaşdy.

"Telefonlarda sim kartanyň antennasy nola deň. Aragatnaşyk düýbünden ýitýär" diýip, ýagdaýdan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

"Altyn Asyryň" Mary şäherindäki merkezi ofisleriniň işgärleri mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň pese gaçmagynyň sebäplerini düşündirmeýärler.

"Ofislerdäki işgärler "biz hem edil siz ýaly hiç zatdan habarymyz ýok" diýip jogap berýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan marylylar munuň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etmegine garaşylýan sapary bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygy baradaky pikiri orta atýarlar.

Ýatlatsak, Marynyň edara-kärhanalarynyň işgärlerine prezidentiň şu aý welaýata sapar etjekdigi dilden aýdylyp, şäherde güýçli depginde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri üç hepde bäri dowam edýär. Şol bir wagtda, bu sapar barada ne prezidentiň diwany, ne-de resmi metbugat häzirlikçe maglumat berýär.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasyndan we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginden goşmaça maglumat almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi.

Beýleki tarapdan, Maryda "Altyn Asyryň" hyzmatlarynyň hiliniň pese gaçandygy baradaky maglumat, Lebapda mobil aragatnaşyk ulgamynyň hiliniň ýaramazlaşandygy hakyndaky habardan üç hepde soňa gabat geldi.

Şonda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan "Altyn Asyryň" hünärmenleri näsazlyklaryň sebäplerini ýurtda şu ýylyň sentýabryndan "Aý Nazar" atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine garaşylýandygy bilen düşündiripdi.

“Altyn Asyr” ýurtda mobil hyzmatlaryny hödürleýän ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk ulgamy bolup, ol ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşindäki kärhanadyr. 2017-nji ýyla çenli ýurtda ýene bir, has takygy “MTS-Türkmenistan" mobil aragatnaşyk operatory hyzmat edýärdi. Şol ýylyň tomsunda türkmen häkimiýetleri bu operatoryň ýurtda iş alyp barmak boýunça şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdiler.

Bellesek, "Aý Nazar" atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegiň planlaşdyrylýandygy barada türkmen hökümeti we media serişdeleri ilkinji gezek şol döwür, ýagny 2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda geçirilen hökümet mejlisinde gürrüň gozgapdylar.

Şol mejlisde türkmen hökümeti “Aý Nazaryň” “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde döredilýändigini habar berdiler. Şondan bäri türkmen hökümeti we media serişdeleri bu täze mobil aragatnaşyk ulgamy​ barada hiç zat aýtman gelýärler.

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we "Türkmentelekom" Döwlet elektrik kompaniýasynyň kararlary esasynda 2004-nji ýylyň iýun aýynyň 10-na döredildi. Kärhana Bütindünýä öýjükli aragatnaşyk assosiasiýasynyň GSM standartynyň agzasy bolup, TMCELL 43802 indeksli belgisi esasynda resmileşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

TMCELL Täze ýyl arçasy bezelende ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada SMS habarnamasyny iberdi
Balkanda SIM kartalary satylmaýar, Aşgabatda we Türkmenabatda internet haýallady
"Altyn Asyr" sim kartalary satmagy bes etdi, täze mobil operatory "Aý Nazaryň" işe giriziljekdigi barada gürrüň edilýär
Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar
Täze wirtual telefon belgileri balkanlylaryň tamasyny “ödemeýär”
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Bangkoga uçuşlary amala aşyrar, BMGÖM-niňsebit edarasynyň müdiri iş sapary bilen Türkmenistana geler, Türkmenistanda Täze ýyl nyşanlary bolan dokma önümler çykaryldy we beýleki habarlar