Maryda agyr hassalar, kemli dogýan çaga köpelýär. Ýaşaýjylar 'howa hapa' diýýär

Maryda agyr hassalar, kemli dogýan çaga köpelýär. Ýaşaýjylar 'howa hapa' diýýär

Mary sebitiniň ýaşaýjylary, hususan-da ilat arasynda Mary GRES diýilýän elektrik stansiýasynyň golaýynda ýaşaýan adamlar, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda gurlan we şondan bäri önümçilik kuwwaty ençeme esse güýçlendirilen desganyň, onuň golaýynda gurlan himiýa zawodynyň howa goýberilýän galyndylarynyň ekologiýa ýetirýän ýaramaz täsirlerinden zeýrenip, Azatlygyň üsti bilen öz seslerini eşitdirmek isleýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň radionyň habarçylaryna dürli ýyllarda we ýakynda beren gürrüňleri ulanylýan himiýa desgalarynyň ne ekin-dikine, ne ynsan saglygyna ýakymlydygyny görkezýär. Emma türkmen häkimiýetleri, şol sanda saglyk ministrliginiň wekilleri Azatlygyň diňleýjilerinde we okyjylarynda döreýän aladaly sowallara jogap bermeýär.

Habarçy bilen aýry-aýrylykda gürleşen we atlarynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjylaryň ählisi Mary welaýatynda ýerleşýän himiýa zawodlarynyň howa goýberýän galyndylaryny adam saglygyna zyýanly hasaplaýar. Olar bu desgalaryň adamlaryň köpçülik bolup ýaşaýan ýerlerine ýakyn gurulmagyndan nägile bolýarlar.

“Mary GRES-iň zawodlaryndan çykýan tüsseler diňe bu desgalaryň ýerleşýän ýeriniň üstüni tutman, ýakyn bolansoň, Mary şäheriniň hem üstüne örtgi bolup durýar, Murgap etrabyna çenli baryp ýetýär, kähalatda burnuňa ýakymsyz ys hem urýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Marydaky onkologiýa hassahanasynyň palatalary hemişe näsagdan doly bolup, ýaşaýjylar soňky on ýylda rak, ýagny düwnük keseli bilen keselleýänleriň köpelmegini esasan howanyň aşa hapalanmagyndan görýärler.

Aşgabatdaky onkologiýa hassahanasynda bejergi alan ýaşaýjy Azatlyga soňky wagtlarda il içinde düwnüge “mary keseli” diýýändiklerini hem gürrüň berdi.

“Aşgabatdaky hassahanada beýleki welaýatlardan gelen näsaglar hem bardy. Ýöne hassahanada ýatanlaryň ýarysyndan gowragy Marydan baran, dertleri hem beýleki ýerlerden gelenleriňkä garanda agyr. Maryly hassalaryň arasynda düwnükden ölýän hem kän” diýip, Aşgabatda bejergi alan ýaşaýjy sözüni dowam etdi.

Aýdylmagyna görä, dem alyş ýollarynda, gyzylödekde dörän düwnük keselinden, öýkende dörän rakdan ejir çekýän kän. Näsaglaryň köpüsi özlerine bellenen himiýaterapiýany doly alyp bilmän ýogalýar. Lukmanlar Marydan gelen näsaglaryň rak keselini bejermegiň kyndygyny, sebäbi onuň tiz wagtda bütin bedene ýaýraýandygyny aýdýarlar diýip, öňki näsag gürrüň berdi.

Şeýle-de ol soňky wagtlarda Maryda demgysma keselinden ejir çekýänleriň görnetin köpelýändigini belledi.

Mundan başga, Azatlygyň söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, Mary sebitinde soňky ýyllarda “kemisli, ýeter-ýetmez ýagdaýda” dogulýan çagalar köpelýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň arasyndaky o diýen anyk bolmadyk, resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan hasaplamalara görä, Ýolöten etrabynda, Mary GRES-de, Murgap etrabynda gurlan himiýa zawodlaryna ýakyn ýaşaýan hojalyklarda keselli çagalar köp dogulýar.

“Enesiniň göwresinde wagtynda ösüşden galýan, ýüregi urmasyny goýýan bäbekler hem bar, olar öli dogýar. Ýaş gelinleriň arasynda önelgesizlik köpelýär, ýatgyda çaga galmasy kyn; inwalid çaga köp dogulýar, ysgynsyz çagalar, akyly pes çagalar, kemli çagalar, bir eli ýok, barmagy ýok, agzy çömmelip duran çagalar dogulýar, ýaňy doglan bäbeklerde ýürek ýetmezleri bar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlar bu ýagdaýlary himiýa zawodlarynyň ýaşaýyş etraplaryna golaý gurulmagyndan görýär.

Ýerli ýaşaýjylar soňky ýyllarda ekinleriň hem gowy däldigini, zawodlaryň howa goýberýän zyýanly galyndylarynyň hasyllylyga hem uly zyýan ýetirýändigini öňe sürýärler.

“Ekinler gögermeýär ýa gögerse hem boý alyp bilmän, çürşüp, guramak bilen bolýar. Ýöne himiýa zawodlaryndan daşrakda ekilen ekinler beýle däl. Garagum etrabynda, Türkmengala etrabynda ýerleşýän mülk ýerlerinde, melleklerde, açyk meýdanlarda ekilen gök, bakja ekinlerinden hasyl alyp bolýar” diýip, bu ýagdaýy ençeme ýyl bäri synlap ýören ýaşaýjy aýtdy.

Emma zawodlara ýakyn etraplaryň oba ýerlerinde diňe gyşyna, ýyladyşhanalarda ekilen ekinlerden hasyl alyp bolýar, ýöne olar esasan dürli witaminler, dermanlar bilen ýetişdirilen gök önümler bolýar. Zawodlara ýakyn ýerleriň köpüsinde açyk meýdanda diňe ekin däl, hatda käbir ýerlerde haşal otlar hem ösmeýär diýip, ýaşaýjylar gürrüň berýär.

Şäheriň howasynyň ýakymsyzdygyny daşrak obalardan gelen adamlar bada-bat duýýar. Marynyň, Mary elektrik stansiýasynyň üstündäki tüsse göz-görtele görünse, Ýolöten etrabynda öndürilýän kükürdiň ysy göni agyz-burnuňa dolýar.

Maglumat üçin aýdylsa, ýylda 12 mlrd kWt-sagada çenli elektrik energiýasyny öndürmäge ukyby bolan Mary elektrik stansiýasynyň arassa gazda işleýändigi we bu ýerde öndürilýän energiýanyň Owganystan, Özbegistan, Eýran ýaly ýurtlara eksport edilýändigi habar berilýär.

Türkmenhimiýa döwlet konserni tarapyndan gurlan, taslama bahasy 1 mlrd dollar bolan dökün zawody 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
'Çagalar öýünde gören görgülerim'. Türkmenistanda ýetim çagalar zorluga duçar bolýar
Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde rumyn opera aýdymçysy Irina Iordakesku çykyş etdi
29.11.2017 | Paýtagtymyz Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleriň açylyşy boldy
Prezident wezipesine girişdi
Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy
20.09.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmeniň taryhy: Nusaý