Mary welaýatynyň ussat suratkeşleriniň sergisi

18-nji awgustda Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Mary welaýatynyň ussat suratkeşleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Batyr Hajyýewiň, Allaberdi Öwezdurdyýewiň şahsy döredijilik sergisi açyldy.Bu sergide suratkeşleriň 80-den gowrak eseri görkezildi.

Olardan Batyr Hajyýewiň Türkmen gyzy, Merw, Agşam, Oba Awçy, Halyçy ýaly eserleri, Allaberdi Öwezdurdyýewiň Süýjülik, Küýzegär, Çagalyk, Obamdaky meňzeşlik, Çopan goşy we Basym ejem geler ýaly ençeme saýlama eserleri sergini bezedi.

Dabaranyň başynda Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň ýolbaşçysy Gözel Hakberdiýewa türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrow, Suratkeşler birleşiginiň Mary welaýat şahamçasynyň başlygy Myrat Gurbangeldiýew eserleri görkezilýän suratkeşleri sungat sergisi bilen gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Batyr Hajyýewiň we Allaberdi Öwezdurdyýewiň şahsy sergisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy bütindünýä reýtinginiň 66-njy ornunda
Türkmen dzýudoçylar Ýewropada 2 altyn medal gazandy
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizer, Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler, Ahal welaýatynda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler