Mary welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi

Mary welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi

8-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Aknabat Atabaýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenildi.

Mary welaýat häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bolsa Arzygül Orazowa bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy
Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi
Aşgabat şäherini iňlis dilinde çeper beýan etdiler
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy