Murgap jülgesinde Türkmenistanyň Suw kodeksiniň basseýn dolandyryş ýörelgelerine degişli düzgünleri durmuşa geçirilip başlandy. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHEHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikdäki “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” taslamasy muňa gönükdirilendir, olaryň hyzmatdaşlygy gol çekilen ähtnama laýyklykda gurnalýar.
Mary welaýatynda ýurdumyzda ilkinji gezek suwdan peýdalanyjylaryň kiçi basseýn geňeşliji döredildi, onuň hataryna welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň, suw hojalyk guramalarynyň “Marysuwhojalyk” ÖB-niň we Oba we suw hojalygy ministrliginiň ýanyndaky welaýat suw gözegçiligi gullugynyň wekilleri bar.
Olar Türkmenistanyň Mejlisiniň, AHEHG-niň ÝÝK-niň hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda ikinji mejlis geçirdiler, onda Murgap jülgesinde şeýle dolandyryşyň jähtlerine, şeýle hem onuň gidrotehniki ulgamynyň mümkinçiligine garaldy.
Taslamanyň çäklerinde ýurdumyzda iň köne suw hojalygy ulgamynyň käbir uçastoklarynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. “Türkmensuwylymtaslama” taslama institutynyň işgäri Amanberdi Beglanow Murgap jülgesiniň desgalaryna beren synynda welaýatyň suwaryş düzüminde kanallaryň ýüzlerçe kilometriniň, gidrotehniki desgalaryň onlarçasynyň bardygyny belledi.
Suwarylýan ýerleriň möçberi 120-125 müň gektara golaýdyr.Saryýazy suw howdany bilen Garagum derýasyndan Maşyn kanalyndan ýene 40-45 müň gektar ýere suw barýar.
Duşuşykda bar bolan suw desgalarynyň ençemesiniň taryhy taýdan gymmatlydygy nygtaldy, çünki olar XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda gurlupdyr.Saryýazy suw howdanynyň we onuň gaçysynyň, Kolhozbent, Ýöleten, Hindiguş gidrotehniki desgalarynyň we oňa degişli suw desgalarynyň, şeýle hem derýanyň ahyrky desgasy “Gowşutbendiň” durkuny täzelemek teklip edildi. “Marysuwhojalyk” Dikeldiş işleri önümçilik müdirligi we Marynyň tejribe-abatlaýyş mehaniki zawody ätiýaçlyk şaýlary ibermäge hem-de gurluşyk-gurnama işlerine ýardam ederler.
Taslamanyň milli utgaşdyryjysy, AHEHG-niň ÝÝK-niň maglumatlar-analitik bölüminiň başlygy Güýç Abaýew göz öňünde tutulan çäreleriň jülgäniň suwdan peýdalanyjylary üçin şertleriň gowulandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady.