Mary welaýatynda sanly telefon ulgamy we GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar

Mary welaýatynda sanly telefon ulgamy we GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar

Marytelekom welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň gündogar sebitinde sanly telefon ulgamyny we täze GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet toruny işe girizdi.

GPON ulgamy (Gigabit passiw optiki tor) üçin stansiýa enjamlaryndan başlap, müşderiniň ýerleşýän ýerine çenli optiki süýmli aragatnaşyk kabelini birikdirip, bir kabeliň üsti bilen birnäçe aragatnaşyk hyzmatlaryny birbada almaga mümkinçilik berýär.

Marytelekomda belleýişleri ýaly, indi welaýatyň ýaşaýjylary üçin GPON tehnologiýasy arkaly ýokary hilli telekommunikasiýa hyzmatlarynyň üç görnüşinden: sanly telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we internet hyzmatlaryndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.

Ýeri gelende bellesek, abonentlere GPON tehnologiýasyny ulanmak arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň berilmegi häzirki wagtda dünýäniň iri telekommunikasiýa operatorlary üçin esasy ugurdyr.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda internet ulanyjylar GPON ulgamyna birikmekde kynçylyk çekýär
'Lebaptelekom' sebitde GPON tehnologiýasyny ornaşdyrýar, ýapyk saýtlar petik astynda galýar
AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar
Arkadag şäheri döwrebap tehnologiýalaryň şäheri
Raýatlar durnuksyz Internet üpjünçiliginden şikaýat edýär
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi