Mary welaýatynda Internetiň tizligi ymykly peseldi

Mary welaýatynda Internetiň tizligi ymykly peseldi

Mary welaýatynyň käbir etraplarynda 12-nji iýulda mobil internetiň hem-de öý internetiniň tizligi ep-esli haýallady. Ýerli ýaşaýjylar bu mesele bilen bagly aragatnaşyk kärhanalarynyň çözgüt hödürlemeýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Internet aragatnaşygyna gyssagly mätäç bolan bir ýerli ýaşaýjy kadaly arabaglanyşyk gözleginde Garagum etrabyndan Baýramaly şäherine, ol ýerden Mary şäherine barýar. Ýöne onuň kadaly Internet gözlegi oňyn netije bermeýär.

“Men diňe Garagum etrabynda Internet aragatnaşygynyň tizligi peselendir öýdüp, Baýramaly şäherine bardym. Emma Internet arkaly ýerine ýetirmeli işlerim başa barmady, hatda IMO messenjerini hem işledip bilmedim. Soňra Mary şäherine gaýtdym, ol ýerde hem, çetki sebitlerde ýerleşýän Garagum etrabyndaky ýaly, Internet aragatnaşygynyň tizligi örän haýaldy” diýip, sebit ýaşaýjysy aýdýar.

Ol halkara tora baglanmak üçin Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän etrapdan ýola düşüp, 70 kilometrden gowrak ýol geçipdir.

Baýramaly şäheri Garagum etrabyndan 50 kilometr çemesi günortada, Mary şäherinden 25 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýär.

Sebit merkezinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir ýaşaýjy Internet arkaly kinofilmlere tomaşa etmegiň mümkin däldigini aýdýar.

Birnäçe ýyl mundan ozal geçirilen halkara barlaglar Türkmenistanda Internetden bäş gigabaýtlyk göwrümi bolan bir kinofilmi indirmegiň dowamlylygynyň 22 sagatdan hem aşyp bilýändigini anyklady.

Ýöne kinofilmler beýlede dursun, maryly ýaşaýjylaryň birnäçesi özleriniň hatda Google Play marketden hem peýdalanyp, zerur goşundylary indirip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Men Türkmentelekom’ kompaniýasynyň Internet aragatnaşygy bölümine jaň edip, arzymy aýtdym, ýöne olar hem bilmedik, öçürip, ýakyp görüň’ diýip, göwnejaý jogap bermediler” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolup, Türkmenistana dolanan ýerli ýaşaýjy daşary ýurt döwletinde ýaşan döwürlerinde Internet aragatnaşygynyň Türkmenistandaky gözgyny ýagdaýy barada eşidip, özüniň ynanyp bilmändigini, ýöne ýurda dolanandan soňra, bu ýagdaýa özüniň hem sezewar bolandygyny gürrüň berýär.

“Men Türkiýe döwletinde zähmet çekip, Türkmenistana dolandym. Biometriki pasportymy resmileşdirip, gaýtadan yzyma dolanmakçy bolýaryn. Men öň ynanmazdym, Internetiň tizligi bu derejede pes bolýandyr öýtmezdim, ýöne ýurda gelip, Türkmenistanda Internetiň tas ýokdugyna düşünip galdym” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

Soňky wagtlarda Internet aragatnaşygynyň tizligi ýurduň dürli sebitlerinde durnuksyzlygy saklaýar. “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň hiliniň pes bolmagy bilen bagly şikaýatlar ýygjamlaşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary hepdäniň ortalarynda ýurduň Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda raýatlaryň aragatnaşyk bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan çynlakaý meseleleri we aladalary barada habar berdiler.

“Türkmentelekom” kompaniýasy özüniň ilat üçin 1 Mbit/s-dan 6 Mbit/s-a çenli Internet nyrhnamalaryny hödürleýändigini aýdýar. Bu nyrhnamalaryň tölegleri degişlilikde aýda 150 280 manat aralygynda üýtgeýär. Tizligi sekuntda 4 Mbit bolan Internet nyrhnamasy aýda 230 manada, 2 Mbit/s Internet bolsa, 180 manada hödürlenýär.

Ýöne maryly ýaşaýjylar özleriniň aýlyk Internet töleglerine garamazdan, hyzmatlardan kadaly peýdalanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Adamlar Internete her aýda 200 manat çemesi pul töleýärler. Internet arasynda kesilip, gije-gündiziň dowamynda 12 sagat işlese, 12 sagat işlemeýär. Işlese-de, edil işlemeýän ýaly, tizlik gaty pes bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

“Türkmentelekom” kompaniýasynyň ýuridik şahslara, şeýle-de Türkmenistandaky daşary ýurt edaralaryna we kärhanalaryna hödürleýän Internet nyrhnamalarynyň tölegleri ilat üçin hödürlenýän nyrhnamalardan ençeme esse ýokarydyr.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Ookla” web hyzmatlary kompaniýasynyň Speedtest.net ulgamynyň 2024-nji ýylyň maý aýynda hasaba alan tizlik barlaglaryna görä, Türkmenistan “fiksed brodbend”, ýagny kabel arkaly çekilen Internetiň tizligi boýunça 181 ýurduň arasynda 177-nji orunda gelýär.

“Altyn Asyr” mobil operatory öz müşderilerine 50 MB-dan 20 GB-a çenli Internet bukjalaryny hödürleýändigini aýdýar. Iň kiçi göwrümli Internet bukjasynyň bahasy 3 manat, 20 gigabaýtlyk internet bukjasynyň bahasy bolsa, 200 manat. Iň gymmat bukja walýutanyň gara bazar kursunda takmynan 10 dollara, resmi kurs boýunça takmynan 60 dollara barabar bolýar.

Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan “Alsyn Asyr” kompaniýasy ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolup, çäksiz monopoliýadan peýdalanýar.

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” gullugy gözegçilik edýär. Bu kärhananyň ýurduň bäş welaýatynda şahamçalary bar.

Azatlyk Radiosy ýurduň çäginde Internet tizliginiň peselmegi bilen bagly aragatnaşyk resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlarynyň Internet elýeterliligini berk çäklendirmekde we Internet aragatnaşygyna berk gözegçilik etmekde tanalýar. Ýurtda onlarça müň web sahypa, şol sanda iri sosial torlar häkimiýetler tarapyndan petik astynda saklanýar.

Internet aragatnaşygynyň hiliniň pes bolmagy ýurtda dürli pudaklaryň, şol sanda bank we maliýe, söwda we telekeçilik pudagynyň işini bökdeýär, töleg terminallary kadaly işläp bilmeýär. Şeýle-de, raýatlara özara habarlaşmakda, daşary ýurtlarda ýaşaýan ýakynlary bilen Internet arkaly aragatnaşyk saklamakda hem päsgelçiliklere sezewar bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda we Aşgabadyň käbir etraplarynda internet birnäçe sagatlap bökdençis işledi
Lebapda MHM garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän raýatlary gözleýär
Balkanda Internet haýallaýar, işleýän VPN azalýar
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi