Mary welaýatynda gaýtalanýan elektrik kesilmeleri gurbanlyk sadakalarynyň mazasyny gaçyrýar

Mary welaýatynda gaýtalanýan elektrik kesilmeleri gurbanlyk sadakalarynyň mazasyny gaçyrýar

Türkmenistanyň iň iri elektroenergetika desgalarynyň ýerleşýän ýeri bolan Mary welaýatynda soňky bir hepdäniň dowamynda yzygiderli elektrik kesilmeleri hasaba alynýar. Tok üpjünçiliginde ýüze çykýan dowamly bökdençlikler baýram mynasybetli gurbanlyk sadakalaryny berýän ýerli ýaşaýjylaryň rahatyny bozýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda maglumat berdi.

“Adamlar mal soýup, gurbanlyk sadakalaryny berýärler. Myhmanlar ýapyk binalarda, öýüň içinde oturdylýar. Elektrik energiýasy kesilip, kondisionerler öçende jaýlaryň içinde oturar ýaly bolmaýar” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Şäheriň köp gatly jaýlarynyň käbir ýaşaýjylary göçme palatalary kireýine alyp, myhman çagyrýarlar, sadaka berýärler. Bu palatalarda hem kondisionerler oturdylýar. Ýöne elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde emele gelýän yzygiderli bökdençlikler kondisionerleriň işine päsgel berýär.

“Biz göçme palatalarda oturdylýan sowadyjy kondisionerler üçin, 400 manat kireý tölegini töledik. Ýöne tok bolmansoň, olary işledip bilmedik. Kondisionerlere biderek çykdajy etdik” diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Şu günler Mary welaýatynda howanyň temperaturasy 40 derejä çenli ýokarlanyp bilýär. Ýurtda 16-18-nji iýun aralygynda Gurban baýramy bellenilýär. Baýramçylyk günlerinde adamlar gurbanlyk sadakalaryny berýärler, bir-biregiň maşgala ojaklaryna zyýarat edýärler.

Tomsuň yssy günlerinde ilat arasynda elektrik energiýasyna bolan talap ýokarlanýar. Günorta-gündogar welaýatda soňky bir hepde bäri yzygiderli elektrik kesilmeleri hasaba alynýan mahaly, elektrik üpjünçilik kärhanalarynyň işgärleri sebitlerde täze gurnalan transformatorlaryň ýygy-ýygydan hatardan çykýandygyny aýdýarlar.

“Täze transformatorlar biziň yssy howamyza çydap bilmeýär. Bizde bularyň şaýlaryny täzelär ýaly, ätiýaç şaýlary hem ýok. Transformatorlary mümkin boldugyndan oňaryp, gaýtadan işe girizmäge çalyşýarys” diýip, bir elektrik üpjünçilik kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Elektrik hünärmeni soňky günlerde sebitiň ähli etraplarynda transformatorlaryň hatardan çykýandygy barada welaýat elektrik üpjünçilik edarasyna hasabatlaryň berilýändigini aýdýar.

Käbir elektrik ussalary sandan çykýan transformatorlary bejerip, ilatyň tok üpjünçiligini gyssagly ýagdaýda gaýtadan dikeltmek synanyşyklarynyň çäklerinde, köne transformatorlaryň şaýlaryny täze geçirijilere dakmagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýarlar. Ýöne bu synanyşyklar netijesiz tamamlanýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, ýolbaşçylar hatardan çykýan transformatorlara degişli hojalyklaryň işleýän transformatorlara birikdirilmegini talap edýärler.

“Ilatly ýerlerde, hojalyklaryň sanyna laýyklykda gurnalan transformatorlar, gereginden artyk, goşmaça ýüki göterip bilmeýär. Transformatorlara agram düşýär. Kada laýyklykda her bir hojalyga berilmeli 220 woltlyk elektrik energiýasynyň möçberi 130-140 wolta çenli peselýär. Bu bolsa, diňe çyralary ýakyp bilýär” diýip, hünärmen aýdýar.

Sebitde ýerleşýän käbir dükanlaryň, marketleriň we toý mekanlarynyň eýeleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde kadasyz elektrik üpjünçiliginiň arasynda, özlerine degişli sowadyjylaryň, doňduryjylaryň we kondisionerleriň tiz-tizden hatardan çykýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, abat transformatorlar hem goşmaça agramlara sezewar edilen halatynda tiz wagtda hatardan çykyp bilýär.

Bu aralykda, käbir hojalyklar elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň peselmegi bilen, özleriniň tok köpeldiji enjamlardan peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň senagatynyň esasy bölegini elektroenergetika we tebigy gaz çykarmak ýaly pudaklar düzýär. Ýurduň iň iri elektroenergetika desgalary bu sebitde ýerleşýär.

Käbir çeşmelere görä, ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň umumy möçberleriniň tas ýarysy Mary welaýatynda öndürilýär.

Ilkibaşda, 1973-nji ýylda işe girizilen ýurduň iň iri döwlet elektrik bekedi, Mary döwlet elektrik stansiýasy soňky ýyllarda täze elektroenergetika desgalary bilen giňeldildi.

Desganyň çäginde 2016-njy ýylda kuwwaty 146,7 MWt bolan gaz turbinaly elektrik bekedi, 2018-nji ýylda bolsa kuwwaty 1574 MWt bolan kombinirlenen bug-gaz elektrik bekedi işe girizildi.

Resmi habarlara görä, Mary döwlet elektrik stansiýasynda öndürilýän elektrik energiýasy, içerki sarp edijiler bilen bir hatarda, Özbegistana we Eýrana-da iberilýär. Türkmenistan günorta-gündogar goňşusy Owganystana-da elektrik energiýasyny eksport edýär.

Bu ýurda Kerki Andhoý, Serhetabat Hyrat, Serhetabat Turgundy, Rabatkaşan Kalaýnau we Zelili Akina ugurlary boýunça elektrik energiýasy iberilýär.

Galyberse-de, Mary döwlet elektrik stansiýasy bilen Hyrat welaýatynyň arasyndaky elektrik tory Türkmenistan Owganystan Pakistan ugry boýunça gurulýan transmilli elektroenergetika taslamasynyň bir bölegi bolup durýar. Türkmenistan Gyrgyzystana-da elektrik energiýasyny iberýär.

Ýurtda elektrik energiýasy öndürilýän 12 sany iri desga hereket edýär. Ýangyç serişdelerine baý ýurtda elektrik energiýasynyň önümçiliginde tebigy gazdan peýdalanylýar.

Şol bir wagtda, ýurduň sebitleriniň arasynda soňky ýyllarda bir bitewi halkalaýyn elektrik ulgamy işe girizildi.

Ýöne ýurduň sebitlerinde yzygiderli hasaba alynýan elektrik kesilmeleri bu pudagyň gazananlaryna kölege salýar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde ýüze çykýan bökdençlikler barada sebit häkimiýetlerinden teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistan sebitde elektrik energiýasyny eksport edýän ýurtlaryň hatarynda öňe saýlanmaga çalyşýar.

Ýurduň elektroenergetika eksportlary, Ykdysady çylşyrymlylyk obserwatoriýasynyň sanlaryna görä, 2022-nji ýylda dünýädäki umumy elektrik energiýasynyň eksportlarynyň 0,13 göterimini emele getirdi.

Dünýäniň iň iri elektrik eksportçylary 2022-nji ýylda Germaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa we Ispaniýa boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl
27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
22.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Elektrik energetikasy we gurluşyk pudaklarynyň ösüşli ýollary