Mary welaýatynda Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsi açyldy

Mary welaýatynda Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsi açyldy

Çarşenbe güni, 12-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsi ulanmaga berlip, ozal ulanylýan şeýle desgalaryň hataryna goşuldy. Desga Gurbangala we Zähmet stansiýalarynyň arasynda polat ýolunyň 4270-nji we 4271-nji kilometrliginiň böleginde guruldy.

Köprüniň uzunlygy 250 metr bolup, onuň demirbeton sütünleriniň 6-sy hem-de ikisi 33,6 metrden we üçüsi 55 metrden ybarat bolan metal gurnamalarynyň 5-si bar.

Köprüniň esasy metal gurnamalary Russiýanyň “Týumenstalmost” öndürjisi tarapyndan taýýarlanyldy. Uzaboýuna çekilen metal gurnama agramy 31 tonna barabar bolan ýokary derejede berklikdäki boltlar arkaly berkidilen serişdeleriň 4615-sinden ybaratdyr.

Köprüniň uzaboýuna çekilen gurnamasynda ballastsyz plitalaryň 132-si oturdylyp, olar ýoluň ýokarky böleginiň gurluşynyň ulanyş ygtybarlylygy we uzak möhletliligi taýdan netijelidir hem-de geljegi ulydyr. Bu desganyň gurluşygynda jemi 320 işçi we hünärmen zähmet çekdi.

Baýramçylyk görnüşde geçirilen köprüniň açylyş dabarasynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Azat Atamyradow çykyş etdi. Ol pudagyň işgärlerini bu günki waka bilen gutlady we umuman, onuň ösüşindäki, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyndaky, demir ýollardaky hereket edýän düzümiň täzelenmegindäki we giňeldilmegindäki üstünlikleri belläp geçdi.

Ýakynda “Demirýollary” AGPJ “RŽD” APJ hem-de “Transmaşholding” toparynyň Brýansk maşyngurluşyk zawody bilen 5 sany iki gatly magistral ýük teplowozlaryny satyn almaga, şeýle hem CRRC Ziyang Co., Ltd. (HHR) bilen 15 sany magistral ýük teplowozlaryny satyn almaga şertnamalary baglaşdy, şolaryň ikisi eýýäm getirildi, galanlaary bolsa Türkmenistana 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli gelip gowşar diýip, Atamyradow ýatlap geçdi.

Türkmenistan içerki demir ýol düzümlerini ösdürip, ulag we logistika ulagmynda sebit we yklym ähmiýetli birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ygtybarly aragatnaşygy döretmek üçin “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleri kemala getirmäge işjeň gatnaşýar, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunuň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar, Türkmenistan-Owganystan-Täjikistan demir ýol gurluşygynyň taslamasynyň hem-de halkara ulag ulgamyna goşulyşmagyň beýleki meýilnamalarynyň üstünde işleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär