Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy ussat kärendeçi-daýhan Atageldi Ärnyýazowyň kärende ýeriniň ýanynda saklandy.
Arkadagly Serdarymyz hoştap şemala tolkun atýan bugdaý meýdanlaryny, şeýle hem galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady.
Şu ýyl Mary welaýatynda 345 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.Ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi.Döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi netijesinde, şu gezekki galla oragy möwsüminde “John Deere” we “Сlaas” kysymly häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar.
Bu ýokary öndürijilikli kombaýnlar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyz kärendeçi bilen görşüp, onuň gündelik işleri, ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, şeýle hem maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy. Kärendeçi hormatly Prezidentimizden galla oragyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýdan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi hem-de daýhana bol hasyl almagy arzuw etdi.
Bugdaýyň ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy.Alym merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň geçirilýändigini aýtdy.
Mysal üçin, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi.Alym-agronom şeýle hem bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55 — 60 sentnere barabardygyny, olaryň 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyryp döreden tohumlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesidigini bellemek bilen, bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.