Mary welaýatynyň ekerançylary şu ýylda 17 müň 900 gektar meýdanda şugundyryň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Maryşeker açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň oba hojalyk bölüminiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzir her gektardan, ortaça, 125 sentnere barabar hasyl alynýar.
Möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin oba hojalyk gurallarynyň, traktorlaryň, awtoulaglaryň ýeterlik mukdary jemlendi. Ýygnalýan hasyly meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna hem-de hasyly gaýtadan işleýän degişli kärhana getirmek üçin paýdarlar jemgyýetiniň öz tehnikalary, onuň daşyndan hem döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalardan we hususy awtoulaglaryň gerekli mukdary bu möhüm işe çekildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gant şugundyryny ýygnamakda Garagum, Sakarçäge, Baýramaly etraplarynyň daýhanlary welaýatda öňdeligi elden bermän gelýärler. Şu möwsümde welaýat boýunça 224 müň tonna ýokary hilli gant şugundyryny ýygnap almak maksat edinilýär.