Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow sekiz aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Meýlis Döwletgeldiýewiç Ataýew Mary welaýatynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.