Mary welaýatyndaky gowaçaly pellerde ak hanalar köpçülikleýin açylyp başlady. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Mary welaýatynda şu ýyl gowaça meýdany öňki ýyllardakydan 15 müň gektar azaldyldy, ýagny jemi 165 müň gektara ekildi.Gymmat bahaly inçe süýümli pagtany ýetişdirmek üçin möhüm tebigy şertleri we ýeterlik tejribeleri bolan welaýatyň pagtaçylary şol meýdanyň 15 müň gektaryna gowaçanyň inçe süýümli sortlaryny ekdiler.
Galan 150 müň gektaryna bolsa orta süýümli gowaça ekildi. Şertnamalaýyn borçnama bolsa üýtgewsiz galdyryldy, welaýatyň pagtaçylary şu ýyl 365 müň tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýärler.
Ekerançylar bilen bir hatarda Marypagta önümçilik birleşiginiň düzümine girýän kärhanalaryň hemmesinde hem şu günler ýetip gelen pagta ýygymy möwsümine içgin taýýarlyk görülýär.Bar bolan pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-synyň hemmesiniň binalary, çäkleri bejerilip, timarlanyp, Ýaşyl kerwen dabarasyna kemsiz taýýar edildi.
Kärhanalaryň enjamlaryny düýpli abatlamak, elektrik, suw üpjünçilik, tehniki we ýangyn howpsuzlyk ulgamlarynyň ygtybarly işini üpjün etmek bilen bagly çäreler geçirildi.
Welaýat boýunça pagta hasylyny kabul etjek harmanhanalaryň 35-si we olardaky pagta basyrylýan meýdançalar, işlediljek ýükleýji mehanizmler we enjamlar doly taýýarlyk ýagdaýyna getirilýär. Marypagta önümçilik birleşiginiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň awtoulaglary, traktorlar hem-de traktor tirkegleri abatlanyp, tehniki gözegçilikden geçirilýär.
Ýygymda jemi ulanyljak 467 kombaýn, şol sanda 308 sany ýokary öndürijilikli John Deere we Özbegistanda öndürilen MХ 1,8 kysymly iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 159-sy şu günki günde ýygym möwsümine taýýar edilip goýuldy.
Marypagta önümçilik birleşiginiň we etraplaryň degişli hünärmenleri ýygymy gysga wagtda guramaçylykly geçirmek, hasyly ýitgisiz ýygnamak bilen bagly taýýarlyk işlerine gözegçilik we ýardam edýärler.Hasyly maşyn bilen ýygnaljak, ýapraklary düşürilmeli gowaça meýdanlary kesgitlenýär, munuň üçin zerur möçberdäki himikatlar taýýar edilýär.