Türkmenistanyň 2024-2025-nji ýyllar üçin syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmek babatda, Mary şäherini 2027-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri görmek teklip edilýär.
Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.
Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň halkara we sebit guramalarynda, hususan-da, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda wekilçilik etmegine degişli teklip we başga-da käbir teklipler hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we YHG-a agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtady.