Mary döwlet ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlanýar, ilata motorly çöle çykmak gadagan edilýär

Mary döwlet ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlanýar, ilata motorly çöle çykmak gadagan edilýär

Mary welaýatynda bir aýda üçünji gezek döwlet ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlyk görüldi. Mary şäherinde, Ýolöten we Sakarçäge etraplarynda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirildi we ýerli ilat bilen düşündiriş işleri geçirildi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky çeşmeleri bu düýpli taýýarlygyň prezidentiň ýa-da onuň kakasynyň regiona garaşylýan sapary bilen baglydygyny aýdýarlar.

Mary şäherinde görülen taýýarlyklaryň çäginde uly köçeler abatlandy we ýuwuldy, olaryň töweregindäki binalar hem baglar timarlandy, ýaplar otlardan arassalandy.

"Bul arassaçylyk işleriniň geçirilmeginiň düýp sebäbi ýolbaşçylaryň gelmegi bilen bagly. Öňki prezident ýa-da häzirkisi geljekmi belli däl. Olaryň ikisinden biriniň gelmegine garaşylýar" diýip, taýýarlyk işlerine gatnaşýan edaralaryň birindäki çeşme 16-nji fewralda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan maryly çeşmeleriň sözlerine görä, ýokary derejeli ýolbaşçynyň Mary welaýatyna etjek saparynyň çäginde Ýolötende täze desgany açmagyna we Sakarçäge etrabynda ýerleşýän il içinde Şyhmansur gonamçylygy diýlip tanalýan Muhammet Mansur Şyh gonamçylygyna zyýarat etmegine garaşylýar.

Bu çärä "arap ýurdunyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna we sadaka berilmegine" garaşylýar diýip, çeşme aýtdy.

"Şol sebäpden häzir esasy üns Sakarçäge etrabyndaky Şyhmansur gonamçylygyna berilýär. Gelenine görä Ýolöten etrabynda hem desgalary açmakçy bolýar" diýip, çeşmeleriň ýene biri aýtdy.

Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, sadaka üçin ýerli telekeçilerden goşant goşmak talap edilýär. "Telekeçiler sadaka üçin mal, bir giden ummasyz azyk, konditer önümlerini, şerbet suwlaryny daşaýarlar. Kolonna bolup barýan maşynlarda zat daşalýandygyny görýäris" diýip, etrap ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri ýokary derejeli myhmanlaryň geljek wagtynyň ýerli häkimiýetlere aýdylmandygyny belleýärler.

"Prezidentiň duşenbe güni-de, sişenbe güni-de gelmegi mümkin diýip, häkimligiň işgärleri aýdýarlar. Öňünden taýynlyk görýäris, ähli il ýaşulularyny eýäm şenbe gününden bäri şol ýerde saklap, iýdirip-içirip otyrys" diýip, çeşme aýtdy.

Marydaky habarçymyza mälim bolşuna görä, agzalan bu gonamçylyga ýakyn obalaryň, şol sanda Çaşgyn obasynyň ýaşaýjylaryna çöle barmak gadagan edilipdir.

Şu sebäpden ýerli ilatyň çöle baryp biljek ulaglary elinden alynýar. Kimde motor bar bolsa, wagtlaýyn polisiýa tabşyrmaly edildi, olary ýygnap, prezident gelip gidenden soň yzyna gaýdyp beriljekdigi aýdyldy diýip, habarçymyz belledi.

"Geçen dynç günlerinde polisiýanyň işgärleri Sakarçäge etrabynda dokumenti bolan we bolmadyk raýatlaryň çölde gezmäge ukyply ulaglaryny we motorlaryny saklap, jerime duralgalaryna saldylar. Jerime duralgalarynyň dolup, ýer ýetmezçilik etmegi sebäpli indi Sakarçäge etrabynyň Çaşgyn obasynyň golaýyndaky pagta bazalaryň içine salyp başladylar" diýip, ýerli çeşme aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylarda motorlaryň bolup-bolmazlygyny anyklamak we transport serişdelerini ýygnamak işine oba başlyklary, arçynlary hem-de mugallymlary çekildi diýip, habarçymyz belleýär.

Bu ýagdaý bilen baglylykda ýerli häkimiýetler tarapyndan mekdeplerde ilat bilen ýygnaklar geçirilipdir.

"Adamlar gaýrat edip dogry düşüniň, Syh-Mansur gonamçylygyna prezident gelýär we Birleşen Arap ýurdyndan adamlar gelýär, ol ýerde sadaka beriler.Oňa siz we biz gatnaşamyzok, emma bizden howpsuzlyk talap edilýär.

Häzir kimdir biri motorly çöle çykaýmasyn, diýip gorkýarlar.Motorlaryňyzy wagtlaýyn orta mekdeplere getirip bermegiňizi soraýarys.Soň olary yzyna alyp, öňküsi ýaly ulanyberiň. Şu günler çöle tarap mal bakmaga, ýa-da ekin meýdanlaryňyza we başga maksatlar bilen awtoulagda, traktorda ýa-da motorda, hatda ýöräp hem girmäň diýip, düşündiriş geçirdiler" diýip, maryly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Mary welaýatynda häkimiýetler "ýolbaşçylaryň saparyna taýýarlyk" diýip, giň gerimli arassaçylyk işlerini ýanwar aýynyň ikinji ýarymynda, şeýle-de fewralyň birinji hepdesinde geçiripdi. Esasy üns howa menzilinden gaýdýan ýoluň ugruna berlip, köçeleri ýuwup-arassalamak we guran agaçlary ýaşyl reňke boýamak ýaly işler gyssagly geçirilipdi.

Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde Mary welaýatyna haýsy-da bolsa bir ýolbaşçynyň sapar edendigi ýa-da indi etmek planlary barada maglumat bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramalynyň polisiýasy bazaryň açylmagyny umyt edip ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime saldy
Tesla Iki Müşdersinden Rekord Jerime Talap Edýär
Türkmenistan ýokuşmalaryň öňüni sanjymlar we polisiýa bilen 'almagyny' dowam etdirýär
Russiýa Agyr Jerime Çekmeli Bolar
“Putin Hüjümçi we Söweşi Saýlady, Jerimesini Çeker”
“Putin we Ýurdy Söweşiň Jerimesini Çeker