Mary Deri-Aýakgap AGPJ Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslaryna kärhananyň atly obligasiýalaryny hödürleýär

Mary Deri-Aýakgap AGPJ Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslaryna kärhananyň atly obligasiýalaryny hödürleýär

Mary Deri-Aýakgap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin gural hökmünde emmisiýa edilen atly obligasiýalaryny satyn almagy teklip edýär.

Obligasiýa bu emitentiň öz maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin goşmaça serişdeleri çekmek boýunça çykarýan gymmatly karz kagyzydyr. Bu gymmatly kagyzy satyn alyjy, meselem, hususy maýadar kompaniýa karz pul berýär we ondan girdeji gazanmagy umyt edýär. Emitent maýadardan karz pul alýandygy üçin göterimini (kuponlary) töleýär.

Islendik bank hem şeýle işleýär. Ol müşderä belli bir möçberde karz berýär, yzyna bolsa düýbünden başga mukdarda alýar: karzyň özüni we puly peýdalanandygy üçin göterimini. Maýadar obligasiýalara eýelik etmekden şu aşakdakylaryň hasabyna girdeji alyp biler:

Obligasiýalara maýa goýmak pullary bank depozitlerinde saklamagyň ýerine gowy pikir bolup biler.

Mary Deri-Aýakgap AGPJ-niň wekili emmisiýa edilen atly obligasiýalara eýelik etmegiň birnäçe tapawutly aýratynlyklary barada gürrüň berdi:

Mary Deri-Aýakgap emmisiýa edilen atly obligasiýalary (D/S № 0550014007 P) satyn almak üçin Aşgabat gazna biržasynyň söwda meýdançasynda dellalçylyk (brokerlik) kompaniýasynyň Ynamly dellal HJ-niň hyzmatlaryndan peýdalanmalydygyny habar berýär.

Obligasiýalaryň şertleri:

Jemi möçberi / mukdary: 10 000 000,00 manat / 10 000,00 sany;

Nominal (biriniň) bahasy: 1 000,00 manat;

Ýyldaky göterim girdejisi we töleg tertibi: 7% we her üç aýda (91 gün);

Iň az satyn almak möçberi / mukdary: 10 000,00 manat / 10 sany;

Dolanşyk möhleti: 2 ýyl / (730 gün). Goşmaça maglumat almak üçin:

Ynamly dellal HJ (Ygtyýarnama №1-17-31-4);

Iş tertibi: 10:00-dan 17:30-a çenli (Duşenbe Anna);

Telefon: (+99312) 95 76 98;

http://www.ynamlydellal.com / www.ynamlydellal.com.tm

Maslahatçylar:

Ýene degişli makalalar

AGB kompaniýalaryň obligasiýalary arkaly maýadarlar üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär
TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrýar
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy