Mary: Býujet işgärleri ýatymlyk pagta ýygmaga ugradylýar

Mary: Býujet işgärleri ýatymlyk pagta ýygmaga ugradylýar

Mary welaýatynda býujet işgärleri Garagum, Türkmengala we Sakarçäge ýaly sebit merkezinden daşda ýerleşýän etraplara ýatymlyk pagta ýygmaga ugradylýarlar diýip, Mary welaýatyndaky habarçymyz 2-nji sentýabrda habar berdi.

Her edaradan 15-20 adam pagta ýygmaga ugradylýar. Ýöne ýygyma öz ornuna derek, hakyna tutma adam iberýän işgärler 500-600 manat möçberinde nagt görnüşinde töleg geçirmeli bolýarlar.

Türkmenistanda heniz resmi taýdan badalga berilmedik nobatdaky pagta möwsümi iş ýüzünde bireýýäm awgustda başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary 11-nji awgustda Balkan welaýatynyň günorta-gündogar etraplaryndaky döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän býujet işgärleriniň mejbury ýagdaýda pagta meýdanlaryna sürülýändiklerini ýa-da öz ornuna hakyna tutma adam ibermäge mejbur edilýändiklerini habar berdi.

Şondan bir hepde soň, ýolötenli pagtaçylar ýygyma girişdi. Azatlygyň habarçylary ýurduň gündogar sebitlerinde býujet işgärleriniň ýygyma çekilýändiklerini 23-nji awgustda habar berdiler. Munuň yz ýany, häkimiýetler awgustyň soňky hepdesinde Mary welaýatynda býujet işgärlerinden pagta möwsümi mynasybetli pul ýygnap başlady.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanda pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.

“Turkmen.News” we “Türkmenistanyň hronikasy” garaşsyz neşirleri “Halkara pagta kampaniýasy” (Cotton Campaign) bilen bilelikde 18-nji iýulda Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagyndaky mejbury zähmete jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin ýörite webinar geçirdi.

"Türkmen pagta hasylynda döwlet tarapyndan mejbury zähmet we global üpjünçilik zynjyrlarynda mejbury zähmet esasynda öndürilen türkmen pagtasynyň töwekgelçiligi" atly webinarda 2021-nji ýylyň pagta möwsüminde türkmen hökümetiniň býujet işgärlerini pagta ýygmaga ýa-da muňa alternatiwa hökmünde ýygyma pul goşandyny goşmaga mejbur edendikleri nygtaldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji sentýabrda Mary welaýatyndan beren habarynda şeýle tejribeleriň 2022-nji ýylyň pagta möwsüminde hem gyşarnyksyz dowam etdirilýändigini habar berdi.

“Pagta möwsüminiň dowamynda býujet işgärleri her aý zähmet haklarynyň ep-esli bölegini pagta ýygymyna tabşyrmaly bolýarlar” diýip, býujet işgärleri aýdýarlar.

“Eger pul töläp bilmeseň, özüň ýatymlyk pagta ýygymyna gitmeli bolýarsyň. Ýygyma ýatymlyk gitmek üçin ýanyň bilen iýmitiňi alyp gitmeli, ýatjak ýeriň üçin pul tölemeli bolýar. Üstesine, maşgalaňdan aýraçylykda birnäçe gün geçirmeli bolýarsyň.

Baran ýeriňde ýaşaýyş şertleri oňaýsyz. Şol sebäpden, býujet işgärleri öz deregine hakyna tutma adam iberenini oňat görýärler. Ýatymlyk pagta gitmezlik üçin karz almaly hem bolsa, pul tapyp edara başlyklaryna berýärler” diýip, býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bulardan başga-da, Azatlyk Radiosynyň habarçysy merkezlere ýakyn gowaça meýdanlarynyň töwereginde býujet işgärlerine nobatçylyk çekdirilýändigini habar berýär. Şol bir wagtda, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary her dynç günlerinde pagta ýygmaga iberilen adamlara gözegçilik etmek üçin gowaça meýdanlaryna barýarlar.

“Býujet işgärleri pagta möwsümi gutarýança şeýle dowam eder. Dekabryň ortalaryna çenli pul sesleri galmaz. Öz nägileliklerini hem görkezip bilmeýän işgärleri sessiz pagta ýygmagy ýa-da pul tabşyrmagy ýyllarboýy dowam etdirýärler” diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.

Şu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdana gowaça ekildi we ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda iki hepde çemesi wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, bankomatlara nagt pul goýulmaýar
Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
Gazagystanda ýokary däne hasylyna garaşýarlar
Mary welaýaty pagta ýygymyna taýýar
Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär
Mary welaýatynda şu ýyl 200 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär