Mary-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda kottejler toplumynyň I tapgyry açyldy

Mary-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda kottejler toplumynyň I tapgyry açyldy

Mary şäheriniň Mary Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň I tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çarşenbe güni ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Olaryň jemi 200 sanysyny gurmak meýilleşdirilýär.

Täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy amala aşyrýar.

Habarda bellenilişi ýaly, täze kottejleriň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak ýa-da çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin mümkinçilikler bar.

Şeýle hem 536 inedördül metr meýdany eýeleýän her bir kottej sekiz sany giň otagdan, ýerzeminden we awtoulaglar üçin duralgadan ybarat bolup, oňa daşarky suw, tebigy gaz we elektrik geçiriji hem-de telekommunikasiýa ulgamlary çekildi.

Mundan başga-da, çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyly bellemegi çäklendirýän häkimiýetler baýramçylyk üçin býujetçilerden we telekeçilerden pul ýygnaýar
Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildi
Marynyň we Ahalyň öňki häkimleri 25 ýyl türmä höküm edildi’
Maryda benzin gytçylygy emele geldi
Balkan S.Berdimuhamedowyň saparyna garaşýar. Onuň Mara garaşylan sapary ýene amala aşmady
Esger enesi: Oglum harby gullukda gaty horlanypdyr, 'süňk bilen ham bolup' öýe dolandy