INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Marvel kompaniýasynyň komiksleriniň köne neşiriniň nusgalygy onlaýn-söwdalaşykda 2,4 million dollardan hem gymmat baha satyldy.
“Marveliň 1-nji belgili komiksi” diýlip atlandyrylýan neşir iň gymmatbaha neşirleriň üçlügine girýär. Ony satyn alan müşderiniň ady gizlin saklanýar.
Kitap 1939-njy ýylda neşir edilipdir. Onda birnäçe täze gahrymanlar, meselem, Alaw-adam hem bar, bu gahryman soňlugy bilen kompaniýanyň ekranlaşdyran “Fantastiki dörtlük” baradaky filmleriniň baş gahrymanlarynyň hataryna giripdi. Şeýdip, bu neşir Marvel kinokompaniýasynyň komiksleriniň, filmleriniň, teleşowhunlarynyň we wideooýunlarynyň esasyny goýupdy.
Gymmat baha satyn alnan nusgalyk oňat saklanypdyr, onda neşirçiniň ýazyjylara we suratkeşlere näçe hak töländigi barada elde eden bellikleri hem galypdyr. Mysal üçin, kitabyň jildini bezän Frenk R.Pol diýen suratkeş 25 dollar hak alan eken, häzir bolsa, şeýle işiň nyrhy üçin müňlerçe esse ýokary baha kesilýär.